Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanly Tynybekowa Aşgabat 2017-ä sabyrsyzlyk bilen garaşýar

0
6703

Soňky berlen maglumatlara görä, dünýäniň iň ussat göreşçileriniň sanawynda üçinji orny eýeleýän gyrgyzystanly türgen Aýsuluw Tynybekowa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşar.

Peruwda geçirilen Panamerikan oýunlaryndan, Litwada geçirilen Demirgazyk Ýewropa çempionatyndan we Polşada geçirilen Halkara açyk çempionatyndan soňra Bütindünýä göreş bileleşiginiň çap eden sanawynda hem Tynybekowa üçünji orny hiç kime bermedi. Ol Türkmenistanda sentýabr aýynda geçiriljek ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolmagy maksat edinýär.

Iki gezek Aziýanyň çempiony bolan Aýsuluw Tynybekowa Polşada geçirilen Halkara açyk çempionatynyň final tapgyrynda häzirki wagtda Olimpiýa çempiony diýen adyň eýesi ABŞ-ly Helen Maroulisdan ýeňlip, kümüş medaly almagy başardy. Olimpiýa oýunlarda dört gezek altyn medalyň eýesi ýaponiýaly Kaori Iço (58 kg) we Afrikanyň çempiony tunisli Marwa Amri dünýä boýunça iň ussat zenan göreşçileriň sanawynda Tynybekowadan öňde barýarlar.

Bu ýyl Tynybekowa üçin örän üstünlikli ýyl boldy. Ol Aziýanyň çempionatynda, hem maý aýynda Bakuwda geçirilen Yslam raýdaşlyk oýunlarynda altyn medallara mynasyp boldy. 

Tynybekowa Polşada medal gazanan ýeke-täk gyrgyzystanly türgen däldir. Kanybek Žolçubekow grek-rim göreşinde 59 kg agram derejede ýer eýeleriniň 2-sinden we belarusly türgenden üstün çykdy we bürünç medala mynasyp boldy. Ol häzirki wagtda grek-rim göreşi boýuça dünýäniň iň ussat göreşçileriň sanawynda 11-nji orny eýeleýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistanyň paýtagtynda 17-27-nji sentýabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar