Aziada - 2017-niň peteklerini nireden we nädip satyn almaly

0
8580

Ýerine ýetiriji komitet ​Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär.

 

Bahalar: Ulular üçin 7 we 10 manatdan, 14 ýaşdan kiçi bolan çagalar üçin tölegsiz. 

Täze gurlan döwrebap Aşgabat Olimpiýa stadionynda geçiriljek açylyş we ýapylyş dabaralary üçin petekler dört dereje boýunça satuwa çykarylar we olaryň bahalary 50 manatdan 500 manada çenli aralykda bolar.

Her petekde eýesiniň ady ýazylar. Petek satyn almak üçin hakyky pasporty ýa-da şahsyýeti tassyklaýan resminamany görkezilmelidir.

Petek satuw nokatlaryň salgysy we iş wagty görkezilendir:

 

Aşgabat şäheri

“Altyn Asyr” gündogar bazary 

08:00 – 15:00 

“Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezi 

10:00 – 21:00 

“Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi” kärhanasy 

10:00 – 21:00 

“Köpetdag” sport toplumy 

10:00 – 21:00 

“Berkarar” söwda we dynç alyş merkezi 

 10:00 – 21:00 

“Aşgabat” medeni dynç alyş merkezi (1-nji park) 

 10:00 – 21:00 

“Güneş” medeni dynç alyş seýilgähi (2-nji park) 

 10:00 – 21:00 

Kuly Şamyradow adyndaky medeni

we dynç alyş seýilgähi (3-nji park) 

 10:00 – 21:00 

 

Welaýatlar

Mary welaýaty Mary ş. Mollanepes Kelte köç. 17-nji jaýy 

 09:00 – 20:00

Lebap welaýatynyň Türkmenabat ş. S.A. Nyýazow şaýoly,  

Aragatnaşyk öyi, 53-nji jaýy 

 09:00 – 20:00

Daşoguz welaýaty Daşoguz ş.

Türkmenbaşy şayoly, 43-nji jaýy 

 09:00 – 20:00

Balkan welaýaty Balkanabat ş. 209-njy kwartal,

Magtymguly şaýoly, 57-nji jaýy 

 09:00 – 20:00

Balkan welaýaty Türkmenbaşy ş.

Atamyrat Nyýazow şaýoly, 27-nji jaýy 

 09:00 – 20:00

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy.

 “Awaza” milli syýahatçylyk merkezi 

 09:00 – 20:00

 

 

Topar bolup petekleri satyn almak, VIP petekleri satyn almak we mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin petekleri satyn almak bilen bagly soraglar üçin tickets@ashgabat2017.com elektron poçta ýa-da +993 12 94 8888 telefon belgi arkaly ýüzlenip bilersiňiz.

Çeşme

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar