Ýerine ýetiriji komiteti “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Aşgabat 2017 oýunlarynda hyzmatdaşdygyny yglan etdi

0
7721

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Aşgabat 2017 oýunlaryna resmi hyzmatdaş hökmünde goşulýandygyny yglan etdi.  

“Türkmenhowaýollary” Türkmenistanyň awia gullugydyr we onuň baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Bu gulluk ýerli we halkara ýolagçy hem-de ýük gatnawlaryny, esasan Aşgabat Halkara howa menzilinden amala aşyrýar. 

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň  başlygy Daýanç Gulgeldiýew bu barada şeýle belläp geçýär: “Türkmenistanyň iň abraýly edaralarynyň biri Aşgabat 2017 boýunça hyzmatdaş bolup çykyş edýändigi bizi örän guwandyrýar. Halkara transport hyzmatlary amala aşyrjak we ýurdumyza geljek myhmanlary türkmen topragyna gadam basan pursatyndan myhmansöýerlik bilen garşylajak “Türkmenhowaýollary” gullugy Oýunlary geçirmekde aýratyn orun eýeleýär”.

“Türkmenhowaýollary” Oýunlaryň diňe hemaýatkäri bolman, sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen bagly gelýän we gidýän gatnawlar bilen meşgullanar. Aşgabat 2017-ä gelýän 8 000-den gowrak türgenler we myhmanlary üçin gatnawlary amala aşyrmak üçin geçen ýyldan bäri utgaşykly meýilleşdirmek işleri alnyp barylýar. Aprel aýynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilen “Inspiring Ashgabat” synag ýaryşlarynda Oýunlar geçirilýän döwrüne meýilleşdirilen iş hereketler, şol sanda Aşgabat 2017-niň myhmanlary üçin tizleşdirilen migrasiýa we gümrük barlaglary, hem-de akkreditirlenen myhmanlar üçin aýratyn garşylamak zolaklarynyň iş hereketleri synagdan üstünlikli geçdi.

“Türkmenhowaýollary” gullugynyň ýolbaşçylygy: “Aşgabat 2017 biziň ýurdumyz üçin taryha girjek wakalaryň biri bolar we biz Oýunlaryň geçirilmegine hem-de Türkmenistanyň dünýä ýüzünde tanalmagyna öz goşandymyzy goşýandygymyza örän buýsanýarys” diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar