“PETRONAS” kompaniýasy Aşgabat 2017-niň resmi hyzmatdaşy hökmünde yglan edildi

0
9094

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet “Petroliam Nasional Berhad” (“PETRONAS”) kompaniýasynyň Aşgabat 2017 oýunlaryna resmi hyzmatdaş hökmünde gatnaşjakdygyny buýsanç bilen yglan etdi.

“PETRONAS” kompaniýasy Malaýziýanyň milli nebit-gaz kompaniýasy bolup, Türkmenistanyň çäginde nebit-gaz pudagynda “PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd (PC(T)SB)” kompaniýasynyň üsti bilen hereket edýär.

“PETRONAS” kompaniýasy Aşgabat 2017-niň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk”şygaryndan ugur alyp, jemgyýetçilik gatnaşyklary berkitmegi hem-de halkyň içinde sagdyn durmuş ýörelgesini we sporty öňe sürmegi maksat edinip, Oýunlara hyzmatdaş hökmünde gatnaşýar.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Daýanç Gulgeldiýew şeýle diýdi: “Hyzmatdaşlaryň ýene biri bolan “PETRONAS” kompaniýasynyň Aşgabat 2017 oýunlaryna goşulýandygy bizi diýseň begendirýär. Biz kompaniýa goldawy üçin minnetdarlyk bildirýäris. “PETRONAS” kompaniýasynyň jemgyýetiň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen tagallalary Aşgabat 2017 üçin uly goşant bolup durýar”.

“PETRONAS” kompaniýasy hereket edýän ýerlerinde jemgyýetçilik aragatnaşyklary berkitmekde, ählitaraplaýyn ösen jemgyýeti kemala getirmekde uly rol oýnaýan sport maksatnamalaryýaly jemgyýetçilik maksatnamalaryny goldap, ilatyň durmuş şertlerini kämilleşdirmäge öz goşandyny goşmaga çalyşýar.

“PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Te Ýat Hong şeýle belläp geçdi: “Men “PETRONAS” kompaniýasy tarapyndan ähli türgenlere üstünlik arzuw edýärin. Sport ýaryşlary geçirmek arkaly sporty öňe sürmek maksady bilen geçirilýän bu uly sport baýramçylygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar