Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2015: 22-nji tapgyryň duşuşyklary

0
1473

«Ahal» — «Şagadam»

Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça 23-nji Milli çempionatynyň Ýokary ligasynda möhleti süýşürilen 22-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Tapgyryň duşuşyklarynyň dördüsi paýtagtda, biri Daşoguz şäherinde geçiriler.  Tapgyryň esasy aýratynlygy toparlaryň şu möwsümde üç däl-de, iki gezek duşuşanlygydyr.

Paýtagtdaky duşuşyklaryň birinde «Ahal» Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny kabul eder. Bu toparlaryň arasynda şu geçirilen duşuşyklaryň ikisi hem şol bir hasap bilen, ýagny 1:1 hasabynda deňlik bilen tamamlanypdy. Bu gezegem toparlaryň güýji deňeçer görünýär. Ýöne nobatdaky deňlik ýa utulyş ýer eýeleri üçin howply. Çünki topara häzirki eýeleýän üçünji ornuny hem gidirmek howpy abanýar. Üstesine geçen tapgyrda «Ahal» bilen «Aşgabadyň» utuk ýitirmegi netijesinde «Şagadam» hem üçünji orun ugrundaky ýaryşa goşuldy. Garaz, tapgyryň iň esasy duşuşynyň çekeleşikli geçjekdigi öz-özünden hem düşnükli.

«Hazyna» — «Aşgabat»

Belki «Hazyna» ýaryş tertibiniň ýedinji basgançagynda gelýändir, ýöne üçünji orun üçin göreş alyp barýan «Aşgabada» «Hazynany» ýeňmek şu möwsümde-hä başardanok, ne Ýokary ligada, ne-de Kubok ýaryşynda. Bu gezekki duşuşyk hem «Hazynanyň» meýdanynda geçirilýär. Belki «paýtagtlylara» arzuwyny amala aşyrmak üçin şu gezek mümkinçilik dörär. Üstesine-de ýaryş tertibiniň üçünji ornunda galjak bolsaň, ýeňilmejek bolmaly. Çünki bu duşuşygyň netijesi diňe «Hazyna» bilen «Aşgabada» däl-de, «Ahaldyr» «Şagadama» hem täsirini ýetirer.

«Daşoguz» — «Balkan»

Ýene-de «Daşoguz» — «Balkan». Ýadymyzdadyr, möwsümdäki ilkinji duşuşyk 6:0, ikinjisi 8:0 hasabynda «nebitçileriň» peýdasyna tamamlandy. Ýene şolara meňzeş bir hasap alnaýarmyka? «Daşoguzam» öz meýdanynda «Ahal», «Hazyna», HTTU ýaly toparlary utup bilen topardyr. Şeýle-de bolsa, bu oýun ýer eýelerine ýeňil düşmese gerek. Çünki elinde Serdaraly Ataýew, Myrat Ýagşyýew, Aleksandr Boliýan ýaly hüjümiň ussatlaryny saklaýan topar islendik garşydaşyň goragyny aljyradyp bilýär. Duşuşykda biraz tijense, Myrat Ýagşyýewiň ýene-de het-trik etmäge, şeýdibem Ýokary liganyň gol rekordyna ýakynlaşmak mümkinçiligi bar. Ýatladýarys. Ýokary liganyň taryhynda bir möwsümde iň kän gol geçirmek rekordy 41 goldur. Myrat Ýagşyýewiň bolsa häzirlikçe 30 goly bar, ýöne öňde-de 5 duşuşyk dur.

HTTU — «Energetik»

Ýaryş tertibiniň dokuzynjy basgançagynda barýan hem bolsa, «Energetik» HTTU üçin ýeňil bolmadyk garşydaşlaryň biri. Talyplar şu möwsümde «energetikçilere» garşy üstünlik gazanyp görenok. Hatda birinji duşuşykda ýeňildilerem. Ýöne geçen tapgyrdaky urulyşy bilen ýedinji orny «Şagadama» gidiren «talyplara» ýeňiş bu gezek juda zerur. Çünki Türkmenistanyň dört gezek çempiony bolan topar soňky ýyllardaky iň pes netijäni görkezip, ýaryş tertibinde sekizinji orna düşdi.

«Altyn asyr» — «Merw»

Geçen tapgyrda çempionlygyny yglan eden «aragatnaşykçylar» indi biraz arkaýynlaşan bolsalar gerek. Iň ýakyn garşydaşyndan 17 utuk öňe saýlanan topar, her näme-de bolsa, bu duşuşygyň hem üstün tarapy. «Altyn asyr» möwsümde «Merw» bilen geçiren duşuşyklarynyň ählisinde ýeňiş gazandy. Mundan soňky tapgyrlarda topar agzybirlik bilen Süleýman Muhadowy möwsümiň iň netijeli hüjümçisi etmek ugrunda göreşip bilerler. Ýöne, elbetde, munuň üçin hüjümçiniň özüniň hem tijenmegi gerek. Indiki iki tapgyr bäri «sessizligini» dowam etdirip gelýän S.Muhadowa M.Ýagşyýewiň yzyndan ýetmäge mümkinçilik bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar