Tapgyryň umumy aýratynlyklary:
Artykmaçlyk ýer eýelerinde: tapgyrda geçirilen 5 duşuşygyň 4-sinde ýer eýeleri, birinde myhmanlar ýeňiş gazandy.
Tapawutlananlar 70: Şu tapgyrdan soň, möwsümde derwezelere pökgi geçiren futbolçylaryň sany 70-e çykdy.
6 futbolçy 10-a ýetdi: Şu tapgyrda Guwanç Abylow («Hazyna») bilen Altymyrat Annadurdyýewiň («Ahal») 2 gol geçirmegi netijesinde, möwsümde 10 we ondan kän gol geçiren futbolçylaryň sany 6-a ýetdi.
Indi iki tapgyr bäri: Ýokary ligada geçirilýän duşuşyklarda indi iki tapgyr bäri deňlik bilen tamamlanan duşuşyk ýok.
5 duşuşykda 13 gol: Tapgyrda derwezelere 13 pökgi girizilipdir. Mundan göni 10 tapgyr ozal hem – 6-njy tapgyr hem 13 bilen tamamlanypdy.
Gollar artmak bilen: Şu tapgyrdan, soň möwsümde 20-den kän gol geçiren toparlaryň hem, geçirden toparlaryň hem sany 6-a deň boldy.
Ýekeje: Tapgyrda 13 goldan diňe ýekejesi 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi.
Astanowlaryň tapgyry: Tapgyr doganlar Astanowlaryň öz toparlaryna ýeňiş getirendikleri bilen hem aýratynlyga eýedir. Umytjan Astanow «Altyn asyra», jigisi Muhammet Astanow HTTU-a ýeňiş getirdi.
“Hazyna" 2 — 1 “Merw”
Gollar:
0-1 - 10' Azat Orazmuhammedow,
1-1 - 34' Guwanc Abylow,
2-1 - 45+1' Guwanc Abylow.
Diňe duşuşykda däl: Azat Orazmuhammedowyň «Merwiň» futbolçylaryny we janköýerlerini ruhlandyran goly diňe duşuşykdaky däl, futbolçynyň şu möwsümdäki hem ilkinji goludyr.
Ýeňişlerden gelen deňlik: Mundan 8 tapgyr ozal Baýramalyda geçirilen duşuşykda «Merw» hem «Hazynany» edil şu hasap bilen ýeňipdi.
Ýaşyl meýdanda 760-njy gezek: Bu duşuşyk «Merw» toparynyň milli ýaryşlardaky 760-njy duşuşygy hökmünde taryha girdi.
Müň bir gije däl, müň bir gol: Şu duşuşykdan soň, «Merwiň» milli ýaryşlarda derwezesinden geçirden gollarynyň sany müňden geçdi, has takygy, 1001 gol boldy.
Ýene bir 20-likçi: Ahyrsoňy «Hazyna-da» şu möwsümde 20 gol geçiren toparlaryň sanawyna goşuldy. Ol bu sanawa 6-njy topar bolup goşuldy.
13 tapgyr soň: Guwanç Abylow duşuşykda ajaýyp oýun görkezip, garşydaş derwezä 2 pökgini girizmegi başardy. Ýöne futbolçynyň bu başarnygy ilkinji gezek däl. Ol mundan öň 3-nji tapgyrda «Ahalyň» derwezesine hem 2 gol geçiripdi.
«Hazyna» ?—? «Merw»: Iki aýlawdan soň «Hazyna» 3-3 «Merw».
"Altyn Asyr" 1 — 0 "Aşgabat
Gol:
- 76' Umytjan Astanow.
Ikinji gezek şol bir hasap: «Altyn asyr» «Aşgabady» eýýäm ikinji gezek şol bir hasap (1-0) bilen ýeňdi.
110-njy duşuşyk: «Altyn asyr» şu tapgyrda Ýokary ligadaky 110-njy duşuşygyny geçirdi.
Iň ýakyn bäsdeşden 10 utuk öňde: Geçen ýylky çempion entek ikinji aýlaw hem tamamlanmak, ýaryş tertibindäki iň ýakyn bäsdeşinden 10 utuk öňe geçdi. Indi «aragatnaşykçylaryň» yzyndan ýetip, çempionlygy almak kyn bolsa gerek.
«Altyn asyr» ? — ? «Aşgabat»: Iki aýlawdan soň «Altyn asyr» 2-0 «Aşgabat».
"Şagadam” 1 — 2 HTTU
Gollar:
1-0 - 36' (p.) Hemra Amanmämmedow,
1-1 - 45+1' Pirmyrat Sultanow,
1-2 - 47' Muhammed Astanow.
Tas-kem 3 ýyldan soň: Biziň geçiren gözleglerimize görä, HTTU «Şagadamy» Türkmenbaşy şäherinde iň soňky gezek 2012-nji ýylyň 31-nji iýulynda ýeňip görüpdir. Şonda ýeňiş goly şu wagtda «Şagadamda» oýnaýan Hemra Amanmämmedowdan gelipdir. Diýmek, Hemra HTTU-nyň düzüminde «Şagadama», «Şagadamyň» düzüminde HTTU-a gol geçiren az sanly oýunçylaryň biridir.
Bassyr iki tapgyrda tapawutlaýnar: Gürrüň Pirmyrat Sultanow barada barýar. Nurýagdy Muhammedow bilen birlikde HTTU-nyň hüjüm ýüküni esasan öz egninde çekýän Pirmyrat bassyr iki tapgyr bäri gol geçirip gelýär.
Duşuşykda-da, möwsümde-de: Muhammet Astanowyň goly diňe HTTU-nyň duşuşykdaky ikinji goly däl-de, özüniň hem möwsümdäki ikinji goludyr.
Ikisi hem myhmançylykda: HTTU bilen «Şagadamyň» özara duşuşyklarynda iki topar hem şol bilen hasap bilen myhmançylykda ýeňiş gazandy.
640-njy duşuşyk: Şowsuz tamamlanan hem bolsa, bu duşuşyk «Şagadamyň» Ýokary ligadaky 640-njy duşuşygydyr.
Hemra top beriň, soňam serediň: Şu möwsümiň penaltyçysy Hemra Amanmämmedow möwsümdäki 6-njy penaltisini dürs geçirdi.
Eýýäm 3 tapgyr bäri: Möwsümiň başynda ilkinji üçlüge dalaşgär görkezilen hem bolsa, «Şagadam» eýýäm 3 tapgyr bäri ýeňlip gelýär. Bu bolsa toparyň şu möwsümdäki iň erbet görkezijisidir.
Ikisinde-de: Hemra Amanmämmedow HTTU bilen bolan duşuşyklaryň ikisinde hem tapawutlandy
«Şagadam» ? — ? HTTU: Iki aýlawdan soň «Şagadam» 3-3 HTTU
“Ahal” 3 — 1 "Balkan"
Gollar:
1-0 - 22' Myrat Hamraýew,
2-0 - 39' Altymyrat Annadurdyýew,
2-1 - 52' Begenc Annagurbanow,
3-1 - 61' Altymyrat Annadurdyýew.
Geçen ýylky ornuna ýakynlaşýar: Ahyry «Ahal» ýaryş tertipnamasynda 3-nji orna geçip, utuk sanyny hem ikinji orundaky «Balkan» bilen deňledi.
Şägirt halypasyndan ozdurdy: Aly Gurbany (häzir «Balkanyň» baş tälimçisi) bilen Guwançmuhammet Öwekow (häzir «Ahalyň» tälimçisi) geçen möwsümiň ahyrlaryna çenli bileje «Ahala» tälim beripdiler. Şonuň üçin hem bu ýyl «Ahal» bilen AFK-nyň kubogyna çenli baryp gelen Guwanç Aly Gurbanydan kän zat öwrenendir diýsek, ýalňyş bolmaz. Ýöne bu duşuşykda şägirt halypasyndan ozdurdy we kär ýitmeýändigini subut etdi.
Hamraýew başyny başlady: Ol diňe duşuşykdaky däl, özüniň şu möwsümdäki hem ilkinji goluny derwezä geçirdi.
Gollar we gazanylýan utuklaryň sany deň: «Ahal» soňky iki duşuşygynda hem garşydaş derwezelere 3 gol geçirdi.
Altymyrat gaýdyp gelýär: Birnäçe tapgyryň ümsümliginden soňra, ýene-de öz oýuna gaýdyp gelen Altymyrat Annadurdyýew, eýýäm, ikinji duşuşygynda 2 goldan geçirip gelýär.
Ikinjiligi gidermäge ýakyn: Mundan birnäçe tapgyr öň «Altyn asyr» bilen hem arany has ýygran «nebitçiler» bassyr iki tapgyr bäri ýeňlip gelýärler.
«Balkanda» Begenç bar: Begenç Annagurbanow («Balkan») «Ahal» bilen bolan duşuşyklaryň ikisinde-de tapawutlandy.
«Ahal» ?—? «Balkan»: Iki aýlawdan soň «Ahal» 4-5 «Balkan»
"Energetik" 2 — 0 "Daşoguz
Gollar:
1-0 - 11' Artýom Nikitenko,
2-0 - 41' Kerim Hojaberdiýew.
Ikinji ýeňiş: Şeýlelikde, «Energetik» şu möwsümde gazanan ýeňişleriniň ikisini hem öz meýdanynda gazandy.
Kerim iň gowusy: Kerim Hojaberdiýew «Daşoguz» bilen bolan duşuşyklaryň ikisinde-de tapawutlandy.
«Energetik» ? — ? «Daşoguz»: Iki aýlawdan soň «Energetik» 3-1 «Daşoguz».