Soňky habarlar

Arhiw

Oturyp-turmak, tirsegiňde saklanmak, özüňi götermek... Gündelik ekspress türgenleşikleriň nähili peýdasy bar?

0
28273

Ekspress türgenleşikler — bu gysga wagtyň içinde tutuş bedeni ýa-da aýry-aýry myşsa toparlaryny işlemäge mümkinçilik berýän maşklar toplumy.

Bu hili sport maşklarynyň birnäçe peýdaly artykmaçlyklary bar:

Wagtyňy tygşytlamak. Ekspress maşklar, adatça, 10-30 minut aralygy wagtyňy alýar, şonuň üçin olary gün tertibiňe goşmak örän ýeňildir.

Elýeterlilik. Ekspress türgenleşikleri ýerine ýetirmek ýörite niýetlenen enjamlary talap etmeýär, şonuň üçin olary öýde, işde ýa-da başga islendik bir ýerde ýerine ýetirip bolýar.

Netijelilik. Hatda gysga türgenleşiklerem yzygiderli edilen ýagdaýynda özüniň görnetin netijelerini berip biler.

Elbetde, gysga wagtlyk, ýagny ýüzugra has az wagt sarp edip ýerine ýetirilen türgenleşikler doly görnüşdäki türgenleşikler bilen deň bolup bilmez, ýöne olar beden taýdan işjeňligiňi saklamak we umumy saglygyňa gözegçilik etmek üçin laýykdyr.

Gündelik gysga wagtda ýerine ýetirilýän ekspress maşklary ýerine ýetirmegiň nähili peýdalarynyň bardygy dogrusynda aýratyn durup geçeliň.

Her günde şulary etseň näme bolar...

Oturyp-turmak

Oturyp-turmak — bu ähli esasy myşsa toparlaryna deň täsirini ýetirýän köpugurly maşkdyr: aýaklar, ýanbaşlar, gollar we eginler. Ol şeýle hem saglyk üçin möhüm bolan topuk, dyz we daban bogunlaryny berkitmäge kömek edýär. Bu maşk, sellýulite garşy göreşmegiň täsirli usulydyr. Oturyp-turmak arkanyň dikligini kadalaşdyrmaga we gan hem-de limfa akymyny çaltlaşdyrmaga ýardam edýär.

Tirsegiňde saklanmak

Tirsegiňde durmak — eliňize ýa-da biliňize peýdaly maşk etmek zerurlygy bolanda ýerine ýetirilýän statiki maşkdyr. Ony ýerine ýetirmegiň aňsatlygyna garamazdan, maşk görnetin netijeleri gazanmaga kömek edýär: çydamlylygy we myşsany ösdürmek, garyn myşsalaryny güýçlendirmek.

Özüňi götermek

Professional türgenler ýerde özüňi götermegiň gündelik maşklaryň toplumyna goşulmagynyň köp sanly artykmaçlyklaryny sanap geçýärler. Olardan biri-de, oňurga agram salmazdan, bedeniň tutuş ýokary bölegini netijeli türgenleşdirmek ukybydyr. Bu maşky edýän wagtyňyz elleriňiziň durşuny üýtgedip, belli bir myşsa toparyna laýyk netijäni hem alyp bilersiňiz.

Turnikden asylyşmak

Turnikden asylyşmak arkanyň we egniň myşsalaryny güýçlendirýär, şeýle hem duruşyň gowulaşmagyna we oňurga agram düşmegini peseltmäge kömek edýär.

Garyn myşsalarynyň maşky

Garnyň maşky — garyn myşsalaryny güýçlendirmek üçin täsirli we meşhur maşk hasap edilýär. Şeýle-de bolsa, garyn myşsalaryna aşa köp agram salynmagy arka myşsalarynda agyrylaryň we oňaýsyzlygyň döremegine sebäp bolup biler. Myşsalaryňy dikeltmek üçin ara wagt salmak möhümdir, şonuň üçin bu maşk bilen hepdede 3-4 gezekden köp türgenleşmek maslahat berilmeýär.

Wagtyň geçmegi bilen bedeniň şol bir agyrlyga öwrenişýändigini ýatdan çykarmaň. Şonuň üçin has gowy netije almak üçin ony yzygiderli artdyrmalydyr.

Sport bilen rahat we täsirli meşgullanmak üçin size dürli hili zerur bolan enjamlar gerek. Sport önümleriniň haryt nyşanlarynyň köp sanly görnüşini özünde jemleýän köp brendli «Alem Sport» dükanlary bu meselede türkmenistanly alyjylara giňden ýardam edýär.

«Alem Sport apparels and shoes» hem-de «Alem Sport accessories and equipments» dükanlarynda şu harytlar ýetirilýär:

  • egin-eşikler: futbolkalar, şortlar, sport geýimleri, kupalnikler, başgaplar, ellikler we beýleki şu hili harytlar;
  • aýakgaplar: ylgamak, futbol, basketbol, tennis, woleýbol we beýleki sport görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport aýakgaplary;
  • enjamlar: toplar, raketkalar, ganteller, ştangalar, trenažýorlar we beýleki harytlar.

Dükanyň assortimenti — sport pudagynda dünýäde giňden meşhurlyk gazanan «Lotto», «Puma», «Nike», «Reebok», «Under Armour» ýaly brendleriň ýokary hilli önümlerinden ybarat.

«Alem Sport accessories and equipments» dükany:

  • ýerleşýän salgysy: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, B6B dükany; 
  • telefon belgileri: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Alem Sport apparels and shoes» dükany:

  • ýerleşýän salgysy: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, В66 dükany;
  • telefon belgileri: (+993 62) 00 66 55; (+993 65) 80 25 52; (+993 12) 46 84 07;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: www.championat.com; www.sport-express.ru 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar