Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň belli buterbrodlary: hot-dogdan başlap fahitosa çenli

0
36072

Buterbrod — dessine taýýarlanylýan iň ýönekeý tagamlaryň biridir. Bir ýa-da iki dilim çörek, onuň üstüne bolsa ýag, syr, şöhlat, gysgaça aýtsak, islendik laýyk boljak zady goýýarsyň ýa-da çalýarsyň, ine-de, buterbrodymyz taýýar. Aslynda, şeýle ýönekeý tagamyň azyndan onlarça görnüşi bolup, olayň käbiri günortanlyk naharyny aňsatlyk bilen çalşyp biler.

Dünýäde iň meşhur buterbrodlar hot-dog we gamburgerdir (çizburger). Kolbasa we gorçisa bilen taýýarlanýan çörek ýa-da et, peýnir, pomidor, duzlanan hyýar we sous bilen tegelek çörege ýasalýan buterbrodlar bu tiz tagamlaryň dünýäde iň meşhur görnüşidir. Eger ter gök-bakja önümleri bilen doldurylsa, olar örän dokundyryjy hem-de peýdaly bolýar.

Sendwiç dünýäde ikinji orunda durýan buterbroddyr. Ol iňlis aristokraty Lord Sendwiçiň adyny göterýär. Bu adam kart oýnamaga şeýle bir gyzygyp, hatda iýip-içmegi hem ýatdan çykarýan eken. Oňa et bilen bölek çörekler göni stoluň başyna uzadylypdyr. Nusgawy döwrebap sendwiç — bu gaýnadylan ýa-da kakadylan etli, hyýar we işdäaçarly, ýa bolmasa-da arasynda peýnir, pomidor we ýag goýlan iki bölek ak çörekden ybaratdyr. Sendwiç sowuk ýa-da yssy görnüşlerde bolup biler.

Italýan bruskettasy — aslynda ýaşaýşy pes adamlaryň tagamy hasaplanýar. Ojakda gyzdyrylan ýa-da kakadylan, sarymsak sürtülen we zeýtun ýagy sepilen ak çöregiň uly böleginden taýýarlanylýar. Onuň üstüne, adatça, ter pomidor, mozarella peýniri we reyhan goýulýar. Bruskettanyň häzirki zaman görnüşleriniň düzüminde zeýtun, deňiz önümleri, şöhlat ýa-da et bolýar.

Dörän ýeri Türkiye hasaplanýan şawerma ýa-da döner dünýäniň tiz tagam bazaryny bireýýäm basyp aldy. Onuň esasy adaty çörek bölegi däl-de, köplenç halatda lawaşdyr, aslynda şawerma hem şol bir sendwiç bolup, ýöne gündogar tagam däpleri esasynda taýýarlanylýar. Çörek, et, ter gök önümleri we lezzetli sousy öz içine alýan bir sany şawerma doly naharyň ornuny tutup biler. Sebäbi ol ähli zerur ýokumly maddalary — beloklary, uglewodlary, süýümi we ýaglary öz içine alýar.

Meksikalylaryň taýýarlaýan fahitoslary şawermany ýada salýar. Lawaşyň ýerine munda mekgejöwenden taýýarlanylýan ýumşak çörekden peýdalanylýar. Oňa sygyr etinden steýk, pomidor, çili burçy, işdäaçar we awokado sousy — guakamole goşulýar. Fahitoslary Tehasdaky rançolarda işleýän meksikaly çopanlar oýlap tapypdyr diýilýär.

Krok-mesýe we krok-madam — peýnirli, wetçinaly we ýagly fransuz gyzgyn sandwiçleri bolup, howurpeçde ýa-da saçda gowrulýar. «Mesýeden» «Krok-madam» diňe üstünde goýlan gowrulan ýumurtganyň barlygy bilen tapawutlanýar —bu ýumurtga zenanyň şlýapasyny ýada salýar.

Kanape we tartaletler — birbada iýerlik kiçijik buterbrod bolup, adatça baýramçylyk stollarynda ýa-da furşetlerde goýulýar. Bu kiçijik buterbrodlar islendik zatdan ybarat bolup biler: peýnir, wetçina, krewetka, bekon, deňiz önümlerinden ýasalan pasta ýa-da ösümlik pastasy, zeýtun... onuň taýýarlanyş aýratynlygy diňe aşpeziň hyýalyna ýa-da bar bolan önümlere görä bolup biler. Kanapede goşundylar ownuk agaçdan ýa-da plastmassadan ýasalan kiçijik agaçjyklara berkidilýär. Tartaletler gum şekilli ýa-da ýönekeý hamyrdan ýasalan kiçijik köke hili «tabajyklar» şekilindedir, olary sowadyjyda bar bolan islendik zady goşmak bilen  hem taýýarlap bolýar. 

Pan-banýa — Fransiýanyň Nissa şäheriniň balykçylarynyň buterbrodydyr. Bu sarymsak sürtülen we zeýtun ýagy sepilen tegelek çörek bölegidir. Onuň içinde tunes balygy (konserwirlenen görnüşi hem bolýar), ýumurtga, sogan we zeýtun goýulýar. Bir gije sowadyjyda goýulsa, pan-banýa has tagamly bolýar diýilýär.

Buterbrodlar üçin dürli görnüşli çörekleden peýdalanylýar: ak çörek, adaty çörek, lawaş ýa-da pita (lawaşa meňzeş, turşy hamyrdan tekiz çörek), tostlar we grenkalar, hatda berhiz çöregi bolup biler. Esasynda çöregi goýmak bilen, islendik zatdan tagamly we özboluşly buterbrod taýýarlanylyp bilner.

Islendik görnüşdäki buterbrod «ýokary aşhana» diýilýänine degişli bolmasa-da, ony islendik restorandan sargyt edip bilersiňiz. Adatça, restoranlarda dürli goşundylar bilen ýasalýan adaty hot-doglar, gamburgerler we sendwiçler bolýar, ýöne käwagt müşderileriň reseptlerine görä hem ýasalýar.

Aşgabatdaky «Soltan» restoranlar torunyň restoranlaryndan şular ýaly ýerlere mahsus bolan adaty tagamlardan başga-da, nusgawy gamburger, döner ýa-da brusketta ýaly dürli buterbrodlary sargyt edip bilersiňiz. «Soltan» restoranlarynda buterbrodlar ertirlik hökmünde ýa-da wagtyň çäkli bolanda tiz garbanmak üçin ajaýyp nahar bolup biler. Bu ýerde myhmanlara hemişe şireli gamburgerler ýa-da çizburgerler, gyzgyn sendwiçler, şeýle hem sygyr etli ýa-da towuk etli döneriň birnäçe görnüşleri hödürlenýär.

«Soltan» restoranlarynyň salgylary we belgileri:

- Magtymguly şaýoly, 217-nji jaý, «Gül Zemin» söwda merkezi, 3-nji gat, D 09. Telefon belgileri: (+993 63) 20 86 86, (+993 12) 90 33 70, (+993 12) 90 33 80;

- «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 17. Telefon belgileri: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;

- «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 2. Telefon belgileri: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;

- «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, K 1. Telefon belgileri: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81;

- Andalyp köç., 80 B, 2-nji gat (Parahat-4). Telefon belgileri: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26;

- «Aşgabat» SDAM, 3-nji gat C-3.24. Telefon belgileri: (+993 62) 21 86 86, (+993 12) 41 54 50, (+993 12) 41 54 51;

- G. Kuliýew köç., 72-nji jaý, 2-nji gat («Soltan» binasy). Telefon belgileri: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44, (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.

Peýdalanylan çeşmeler: volshebnaya-eda.ru; kommersant.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar