Top.Mail.Ru

Arhiw

Türk aşhanasy: Aziýanyň we Ýewropanyň tagam sazlaşygy

0
25596

Türk aşhanasynyň dünýä ýüzünde millionlarça muşdaklary bar. Onuň tagamlarynyň hatarynda dürli tagama isleg bildirýän adamlary nazara tutup, olaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ähli görnüşli naharlar bardyr. Has takygy, türk aşhanasyndan etli naharlary we süýjülikleri halaýanlardan başlap, wegetarianlara hem-de Ortaýer deňziniň iýmitleriniň muşdaklaryna çenli özüne gerekli naharlary tapyp bilýärler.

Bu aşhana dünýäniň iki böleginiň — Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda emele gelip, çarwa türk taýpalarynyň — häzirki türkleriň ata-babalarynyň aşpezlik däplerini hem-de Ortaýer deňziniň aşhanasynyň reseptlerini özüne siňdirendir.

Türk aşhanasynyň esasyny et (guzy, sygyr eti, towuk), gök önümler (pomidor, badam, bolgar burçy, zeýtun, kabaçki, seldereý), otlar we ysly beriji goşundylar (burç, bolgar burçy, çabres, koriandr, hoz), süýt önümleri (brynza, labne ýagly peýniri, aýran, ýogurt), şeýle hem dürli gök önümler düzýärler. Bu ýurtda zeýtun ýagyndan peýdalanmak örän ýörgünlidir. Hamyrdan taýýarlanan, şol sanda süýji konditer önümleri türk aşhanasynda giňden hödürlenilýär.

Bu halkyň etden taýýarlanan iň datly tagamlarynyň biri-de — kebap. Onuň birnäçe görnüşi bolsa-da, aslynda kebap açyk otda bişirilen etdir. Ol etden, balykdan, towukdan taýýarlanyp bilner, köplenç bolsa, mangalda kebabyň ýany bilen şol bir görnüşdäki gök önümler hem bişirilýär. Şeýle-de türkleriň et we undan taýýarlanýan tagamlary köp bolup, olaryň iň belli we meşhurlary — pidedir lahmajun pizza görnüşleri, kiçijik, bir santimetr giňlikdäki türk kömelekleri, döner, şeýle hem köfte kotletleridir.

Aşhananyň möhüm bölegi çorbalardyr. Çeçewisa çorbasy, «ezogelin», «ýaýla» ýogurt çorbasy, pomidor çorbasy, ýogurtdan, hyýar we otlardan taýýarlanan sowuk «jajik» — bularyň ählisi tagamly we ýokumly, şonuň ýaly-da ýeňil bolup, berhiz iýmitiniň bir bölegi bolup biler.

Türkiýede tagam taýýarlamakda badam örän giňden peýdalanýar. Ony bişirýärler, gowurýarlar, ondan pasta ýasaýarlar, beýleki gök önümler bilen doldurylyp, köplenç işdäaçarlara, naharlara hem goşulýar. Stola dürli gök önümler we işdäaçarlar hem hödürlenýär: birnäçe görnüş işdäaçarly «mewsim işdäaçary», bulgurdan, pomidor we gök otlardan «kysyr» işdäaçary, bişirilen badamdan, zeýtun ýagy bilen sarymsak we petruşkadan taýýarlanan «patlyjan işdäaçary», hyýardan, pomidordan, süýji burçdan we peýnirden zeýtun ýagy bilen taýýarlanan adaty işdäaçar. Işdäaçarlary taýýarlamakda köp halatda zeýtun ýagyndan başga-da limon şiresi ýa-da ýogurt ulanylýar.

Pilaw hem öz nobatynda meşhur we giňden isleg bildirilýän türk naharlarynyň biridir. Aslynda, bu palawyň bir görnüşi bolup, ýöne adaty palawdan tapawutlylykda ony diňe tüwi däl-de, eýsem wermişelliden, bulgurdan bişirip bolýar. Ony taýýarlamagyň tehnologiýasy hem başgaçadyr.

Türk aşhanasynda dolmanyň birnäçe görnüşi bar: üzüm ýapraklaryndan, bolgar burçlaryndan, badamdan. Munuň üçin farş etden, gök önümlerden, hatda balykdan we deňiz önümlerinden hem bolup biler.

Türk nahar stolunda goşmaça tagamlar hökmünde hökmany suratda zeýtun, peýnir, noýba, limon ýaly goşundylar bolýar.

Gündogar ýurtlarynyň köp sanly ýaşaýjylary ýaly türkler süýjülikleri örän halaýarlar we bütin dünýäde meşhur bolan dürli hili datly süýjülikleri nähili usullar arkaly bişirmelidigini bilýärler. Iň meşhur türk süýjüligi — bal mürepbesi guýlan, owradylan pisse bilen doldurylan hamyryň köp sanly inçe gatlaklaryndan ýasalan baklawadyr. Şeýle-de mundan başga-da, lukum, tahin halwa, künjüli simit, şekerpare süýji piroglary, lokma — şeker şerbetine batyrylan gowrulan ponçikler, pişmaniýe — toplanan süýji sapajyklar ýaly süýjülikler hemmeler tarapyndan söýlüp iýilýän tagamlardyr.

Türkmenistanda türk aşhanasynyň naharlary we süýjülikleri giňden peýdalanylýar. Olar tagamly, dokundyryjy we dürli görnüşli, şeýle hem kadaly iýmitleriň muşdaklary (önümleriň hatarynda köp mukdarda gök önümler, otlar we süýtturşy önümleriň bolandygy üçin) hem-de et tagamlaryny iýmegi halaýanlar üçin laýyk gelýär. Aşgabatda we beýleki şäherlerde türk süýjülikleriniň dürli görnüşleri, aýratyn-da baklawa has gowy görlüp taýýarlanylýar.

Türkmen paýtagtyndaky «Soltan» restoranlar torundan türk aşhanasynynyň datly naharlarynyň, süýjülikleriniň dürli hili görnüşlerini tapyp bilersiňiz. Bu restoranlar hut türk aşhanasyna ýöriteleşendir (tagamnamasynda beýleki ýurtlaryň tagamlary hem bar). Pide we lahmajun, dürli görnüşli kebaplar, gök önüm işdäaçarlary, ýeňil we ýokumly çorbalar, şeýle hem dürli islege kybap gelýän gündogar desertleri — bularyň ählisi «Soltan» restoranlarynyň tejribeli aşpezleri tarapyndan myhmanlara hödürlenýär.

«Soltan» restoranlary şäheriň dürli ýerinde ýerleşýär, şonuň üçinem olar Aşgabadyň islendik künjeginiň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir. Gündogar, nusgawy we häzirki zaman ýewropa stilleriniň sazlaşygy bilen bezelen zallaryň oňaýly atmosferasy, bu ýerde hödürlenýän köp sanly türk tagamlary «Soltan» restoranlaryny dostlar bilen ýygy-ýygy duşuşmak, islendik dabarany bellemek we maşgala agzalary bilen ajaýyp agşam naharlaryny geçirmek üçin amatly ýere öwürýär.

«Soltan» restoranlarynyň salgylary:

  • «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi, 3-nji gat, D17. Telefon belgisi: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;
  • «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi, 3-nji gat, D2. Telefon belgileri: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;
  • «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi, 3-nji gat, K1. Telefon belgileri: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81;
  • Andalyp köçesi, 80B jaýy, 2-nji gat (Parahat-4). Telefon belgileri: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26;
  • Magtymguly şaýoly, 217-nji jaý, «Gül Zemin» söwda we dynç alyş merkezi, 3-nji gat, D 09. Telefon belgileri: (+993 63) 20 86 86, (+993 12) 90 33 70, (+993 12) 90 33 80;
  • «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, 3-nji gat C-3.24. Telefon belgileri: (+993 62) 21 86 86, (+993 12) 41 54 50, (+993 12) 41 54 51;
  • G.Kulyýew köçesi (Obýezdnoý), 72-nji jaý, 2-nji gat. Telefon belgileri: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44, (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.

Peýdalanylan çeşmeler: vetrom.ru; yenisey.co; traveltimes.ru 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar