Arhiw

Ösen ykdysadyýetli ýurtlar

0
633

­ABŞ. No­mi­nal je­mi içer­ki önüm: 19,39 tril­li­on dol­lar. Jemi içer­ki önüm (sa­tyn aly­jy­lyk uky­by­nyň pa­ri­te­ti): 19,39 tril­li­on dol­lar.

Bu ýurt 1871-nji ýyl­dan bä­ri yk­dy­sa­dy­ýe­ti güýç­li ýurt hök­mün­de dün­ýä­de öz or­nu­ny sak­lap gel­ýär. ABŞ-nyň mil­li gir­de­ji­si şu ýyl 20,41 tril­li­on dol­la­ra ýe­ter diý­lip ga­ra­şyl­ýar. ABŞ köp­lenç dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň öňdebaryjysy ha­sap­lan­ýar. Ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti ösen inf­rast­ruk­tu­ra, teh­no­lo­gi­ýa we baý te­bi­gy gor­la­ry­na da­ýa­nyp, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dört­den bi­ri­ni eýe­le­ýär. Içer­ki mil­li gir­de­ji­niň köp bö­le­gi­ni önüm­çi­lik däl pu­dak­lar (80%), önüm­çi­lik bol­sa 15% tö­we­re­gi­ni eýe­le­ýär. 2023-nji ýy­la çen­li ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti 24,53 tril­li­on dol­la­ra, onuň yz ýa­nyn­dan gel­ýän Hy­ta­ýyň bol­sa, 21,57 tril­li­on dol­la­ra ýet­jek­di­gi çak edil­ýär.

Hy­taý. No­mi­nal je­mi içer­ki önüm: 12,01 tril­li­on dol­lar. Je­mi içer­ki önüm (sa­tyn aly­jy­lyk uky­by­nyň pa­ri­te­ti): 23,15 tril­li­on dol­lar.

Ýurt soň­ky on­ýyl­lyk­lar­da ok­gun­ly ösüş­le­ri ga­zan­dy. Hy­ta­ýyň önüm­çi­lik we eks­port kuw­wat­lyk­la­ry na­za­ra al­nyp, oňa dün­ýä­niň fab­ri­gi hem di­ýil­ýär. Em­ma ge­çen ýyl­lar­da önüm­çi­lik däl ugurlar bi­len bir­lik­de, gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­tyň hem äh­mi­ýe­ti ar­typ baş­la­dy. Hy­taý 1980-nji ýyl­lar­da 305,35 mil­liard dol­lar içer­ki mil­li önü­mi bi­len ýe­din­ji or­ny eýe­län bol­sa, ABŞ-nyň je­mi içer­ki önü­mi 2,86 tril­li­on dol­la­ra deň­di. 1978-nji ýyl­da ba­zar öz­gert­me­le­ri­niň baş­la­ma­gy bi­len ýur­duň yk­dy­sa­dy ösü­şi ýyl­da 10%-e ýet­ýär.

Ýa­po­ni­ýa. No­mi­nal je­mi içer­ki önüm: 4,87 tril­li­on dol­lar. Je­mi içer­ki önüm (sa­tyn aly­jy­lyk uky­by­nyň pa­ri­te­ti): 5,42 tril­li­on dol­lar.

Ýurt yk­dy­sa­dy­ýe­ti bo­ýun­ça dün­ýä­de üçün­ji or­ny eýe­läp, içer­ki mil­li gir­de­ji­si 4,87 tril­li­on dol­la­ra deň­dir. Ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti bir­nä­çe kyn­çy­lyk­lar bi­len ýüz­be-ýüz bol­sa-da, ýur­duň yk­dy­sa­dy ösü­şi dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­la­ýar. Ila­tyň jan ba­şy­na düş­ýän je­mi içer­ki önü­mi­niň or­ta­ça möç­be­ri 38 439,52 dol­la­ra deň­dir.

Ger­ma­ni­ýa. No­mi­nal je­mi içer­ki önüm: 3,68 tril­li­on dol­lar. Je­mi içer­ki önüm (sa­tyn aly­jy­lyk uky­by­nyň pa­ri­te­ti): 4,17 tril­li­on dol­lar.

Ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti Ýew­ro­pa­da iň güýç­lü­si­dir. Ila­tyň jan ba­şy­na düş­ýän je­mi içer­ki önü­mi­niň or­ta­ça möç­be­ri 44 549,69 dol­la­ra deň­dir. Ger­ma­ni­ýa 1980-nji ýyl­da 850,47 mil­liard dol­lar möç­be­rin­dä­ki no­mi­nal je­mi içer­ki önü­mi bi­len üçün­ji ýer­de dur­ýar­dy.

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa. No­mi­nal je­mi içer­ki önüm: 2,62 tril­li­on dol­lar. Je­mi içer­ki önüm (sa­tyn aly­jy­lyk uky­by­nyň pa­ri­te­ti): 2,91 tril­li­on dol­lar.

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti, esa­san, hyz­mat­lar pu­da­gy­na da­ýa­nyp, mil­li gir­de­ji­de onuň pa­ýy 75 %-e deň­dir. Ýur­duň azyk önüm­le­ri­niň 60%-i öz için­de ön­dü­ril­ýär.

Hin­dis­tan. No­mi­nal je­mi içer­ki önüm: 2,61 tril­li­on dol­lar. Je­mi içer­ki önüm (sa­tyn aly­jy­lyk uky­by­nyň pa­ri­te­ti): 9,45 tril­li­on dol­lar.

Hal­ka­ra pul gaz­na­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Hin­dis­tan şu ýyl Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan ozup, bä­şin­ji or­na eýe bo­lmagyna ga­ra­şyl­ýar. Ýö­ne ýur­duň ila­ty­nyň köp­lü­gi jemi içerki önümiň jan ba­şy­na düş­ýän muk­da­ry­ny bel­li bir de­re­je­de azal­dyp, ol 1 982 dol­la­ra deň­dir. Hin­dis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti 1980-nji ýyl­lar­da je­mi 189,438 mil­liard dol­la­ra deň bo­lup, on üçün­ji or­ny eýe­le­ýär­di. Hin­dis­tan ýa­ňy-ýa­ňy­lar hem ag­rar ýurt­dy. Şu gün­ki gün­de ýur­duň hyz­mat­lar pu­da­gy dün­ýä­niň iň tiz ös­ýän pu­da­gy bo­lup, onuň pa­ýy­na yk­dy­sa­dy­ýe­tiň 60%-den gow­ra­gy, düş­ýär.

Önüm­çi­lik iň mö­hüm pu­dak­la­ryň bi­ri bo­lup, oňa hö­kü­me­tiň “Hin­dis­tanda öndür!” di­ýen baş­lan­gy­jy bi­len aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Eks­por­ta ga­raş­ly­ly­gyň çäk­li­li­gi, süýşürintgilere daýanç, ilat sa­ny we or­ta gürp­dä­ki synpyň ösü­şi ýur­duň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny düz­ýär.

Fran­si­ýa. No­mi­nal je­mi içer­ki önüm: 2,58 tril­li­on dol­lar. Je­mi içer­ki önüm (sa­tyn aly­jy­lyk uky­by­nyň pa­ri­te­ti): 2,83 tril­li­on dol­lar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar