Arhiw

Ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm orny

0
445

Ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde senagat kärhanalarynyň möhüm orny bar. Olar ýurtda haryt bolçulygyny döredýär, raýatlary iş orny bilen üpjün edýär.Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatdaky köpugurly işler uly üstünliklere beslenýär. Bu maksatlara, ilkinji nobatda, ýokary derejedäki innowasion tehnologiýaly gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň ykdysady ösüşe goşandyny artdyrmagyň, maýa goýumlaryň uly möçberlerini netijeli ugurlara gönükdirmegiň, toplumlaýyn işleri amala aşyrmagyň hasabyna ýetmek göz öňünde tutulýar. Innowasion esasly öndürilýän önümçilikler bilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümler öndürilýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler indi özümizde öndürilýär, eksport harytlarynyň möçberi artdyrylýar. Innowasion tehnologiýalarynyň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde işewür hyzmatdaşlygyň gerimi has hem giňeýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň döwrebap ösmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Mähriban halkymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Orazowa Hatyja

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar