Top.Mail.Ru

Arhiw

Gyşynamy ýa tomsuna: haýsy pasylda toý etmek gowy?

0
33607

Durmuş toýy, adatça, 2-3 aý öňünden, käte bolsa 6 aý öňünden meýilleşdirilýär. Häzirki döwürde toý seneleri ýylyň islendik wagtyna bellenilip bilner, ýöne öňki döwürlerde toýlary esasy meýdan işleri tamamlanyp, hasyl  ýygnalandan soň, geljekki işler bolsa diňe ýazda geçirilýändigi üçin, güýzde bellemek göwnejaý hasaplanypdyr.

Her möwsümiň toý dabaralary üçin öz oňaýly taraplary bar. Toý senesini saýlanyňyzda her paslyň aýratynlyklarynyň dabara belli bir äheňi berjegine-bermejegine, sizi belli bir shemalara görä hereket etmäge mejbur etjekdigine dogry düşünmelidir.

Surat: ru.freepik.com

Tomus. Türkmenistanda tomusda toý etmegiň şübhesiz artykmaçlyklaryndan biri yzygiderli güneşli howanyň bolýandygy we gurak howa bolup, ýagyş ýagmagy ýaly ýakymsyz hadysanyň döremejekligidir (howa babatda ýaramaz şert bolup biler, ýöne örän seýrek ýagdaýda). Tomusda şäherlerde gök öwüsýän ýerler köp bolup, surata düşmek üçin gürrüňsiz gowy mümkinçilik bolar. Möwsümleýin miweleriň köpüsi — şetdaly, gawun, garpyz, injir we başgalar hem bu pasylda ýetişýär. Tomus köp adam üçin dynç alyş möwsümidir, şol sebäpden başga bir şäherde ýaşaýan garyndaşyňyzyň ýa-da dostuňyzyň işden dynç almazdan toýuňyza gelmegi örän ýeňil düşer.

Türkmenistanda tomus paslynyň esasy ýetmezçiligi — ýokary derejede yssy bolýandygy. Şol sebäpli açyk howadaky toý çäreleriniň hemmesini diňe irden, günortana we gün ýaşandan soň geçirmek amatlydyr. Käbir adamlar toýdan öň surata düşmegi şäheriň daşynda guraýarlar, ýöne tomusda hakykatdanam owadan peýzažy tapmak kyndyr, bu ýagdaýda ähli zat günüň astynda bolup durýar. Mundan başga-da, köpler üçin agyr, kaşaň toý köýneginde yssy howada bolmak oňaýsyz.

Surat: ru.freepik.com

Bahar. Toý tutmak üçin käbir tarapyny göz öňüňe tutsaň örän laýyk möwsüm. Heniz howa-da gaty yssy däl, üstesine sowuk hem däl, hemme zadyň gül açýan wagty we şäher landşaftlarynda, şäheriň daşyndaky ýerlerde fotosessiýalary guramak örän ýerliklidir, sebäbi, bu möwsümde tebigat bütin durky bilen gözeldir. Ýeke-täk kemçilik, ýazda howa örän durnuksyz bolýar. Irki bahar (mart aýynyň başy) gyşyň birden sowuk görnüşde gaýdyp gelmegi bilen garaşylmadyk ýagdaýy döredip biler, şeýle-de ýaz aýlarynyň galan günlerinde ýagyşlar ýygy-ýygydan ýagyp biler.

Surat: ru.freepik.com

Güýz. Ine, bu döwrüň toý bellemek üçin iň laýyk, göwnejaý wagtdygyny aýratyn bellemek gerek. Bu pasylda yssy ýatyşýar, ýöne howa güneşli günler bilen hoşlaşmaýar. Möwsümleýin miweler henizem ýeterlik bolup, «altyn güýz» döwri şäherde-de, tebigatda-da surata düşmek üçin has ajaýyp görnüşler garşy alýar. Howa diňe güýzüň ahyrynda durnuksyz bolup biler. Güýz islendik baýramçylyk stoluny bezäp bilýän hrizantemalaryň we asterleriň gülleýän döwrüdir. Mundan başga-da, dabaralary yssy ýa-da sowuk howa bolar diýip heder etmezden, açyk howada belläp bilersiňiz. Türkmenistanda güýz aýlary toýlar üçin iň amatly döwürdir.

Surat: ru.freepik.com

Gyş. RÝNÝ edarasynyň işgärleriniň pikiriçe, toý edýänler babatda aýdylanda, gyş döwri köplenç ýüz tutýanlar az bolýar, şonuň üçin islendik bir zada, restorana ýa-da aýdymçy we ş.m garaşmak islemeseňiz, toýuňyzy gyşda hem edip bilersiňiz. Köp adamyň gyş aýlarynda toý bellemäge taýyn däldiginiň esasy we möhüm kemçiligi sowukdyr. Mundan başga-da, ýagyş ýa-da gar, ýa bolmasa-da gar gatyşykly ýagyş toý lybaslaryny hapalap, toý eýeleriniň keýpini bozup biler. Şäherde we tebigatda gök öwüsýän ýerleriň ýoklugy fotosessiýalary az gyzykly etmeýär. Diňe gar ýaganda ýa-da ýeterlik gar bolan daglarda surata düşmek üçin ajaýyp ýerleri tapyp bilersiňiz.

Emma gyşda gelin toý lybasyny ýyly bolmagy üçin owadan ak ýa-da goýy sütükli palto bilen bezäp biler, ýigit diňe bir kaşaň we berk görünmän, eýsem ýylylygy gowy saklaýan tebigy mahmaldan tikilen penjek saýlap biler. Güller we miweler barada aýdylanda bolsa, häzirki zaman tehnologiýalary olary gyşda bahalary ýokary bolsa-da, bütin ýyl diýen ýaly saklamaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, her möwsümde-de toý ýaly möhüm dabarany bellemek üçin oňaýly we oňaýsyz ýagdaýlaryň bolup biljekdigi aýdyňdyr. Ähli meseleleri haýsy hem bolsa bir ýagdaý bilen baglylykda çözüp bolýar, esasanam şunda howa bilen baglanyşykly meseleleri göz öňüne tutmak zerurdyr. Durmuş toýuny tutmakda toý zalyny saýlap almak, yssy ýa-da sowuk diýip kösenmezden, dabarany ajaýyp bellemäge mümkinçilik berer.

Aşgabatdaky «Ak Ýol» toý mekany ýylyň islendik möwsümine garamazdan, toý dabarasyny iň ýokary derejede bellemegi kepillendirýär. Döwrebap kondisioner we ýyladyş ulgamy myhmanlar üçin tomusda-da, gyşda-da iň amatly şertleri döreder. Mundan başga-da, «Ak Ýol» özüniň giň zalyna müňe çenli myhmany kabul etmek bilen, hünär taýdan taýýarlykly işgärleri, milli we dünýä aşhanasynyň menýusynyň onlarça görnüşini, şeýle hem zal bezegini, şeýle-de aýdym-saz ulgamy we yşyklandyryş bezegleri üçin tölegsiz hyzmatlary özünde jemleýär. Bulardan başga-da, täze durmuş gurýan ýaşlar üçin «Linkoln» gelnalyjy ulagy, myhmanhanadan otag, animatorlaryň, aýdymçynyň we alyp baryjynyň hyzmatlary tölegsiz ýetirilýär, iň esasysy hem, toý dabarasynyň tölegini 36 aýa çenli bölekleýin garaşaryna tölemek mümkinçiligi döredilýär. Sözümiziň üstüni «Ak Ýol» toý mekanynyň Aşgabadyň iň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýändigi, bu künjekden şäheriň, onuň töweregindäki ajaýyp baýyrlaryň we daglaryň täsin görnüşleriniň açylýandygy bilen ýetirip bileris.

«Ak Ýol» toý mekanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Peýdalanylan çeşmeler: konservs.com; svadbagolik.ru; fotkay-msk.ru; dzen.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar