Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen toýy: milli ýörelgeler we döwrebap medeniýet

0
56957

Türkmen toýlary ähli döwürlerde özüniň şowhuny we dabarasy bilen tapawutlanypdyr. Durmuş toýy — türkmen halkynyň ýaşaýşynda iň bir esasy dabara diýilse-de ýalňyş bolmaz. Oňa her bir maşgala agzasy aýlap garaşýar, yhlasyny we zähmetini, saldamly maddy serişdesini sarp edýär. 

Aslynda, türkmen halky dabara tutmakda milli däplere berlen, aýratyn-da toý toýlamakda uly yhlasyny siňdirýän millet. Toý däpleri bolsa, şeýle milli ýörelgeleriň esasyny düzmek bilen, dini garaýyşlary-da, gadymy ynanç-ygtykatlary hem özüne jemläpdir. Wagtyň geçmegi bilen möhümligi gaçan ýa-da möwritini ötüren gadymy däp-dessurlar ornuny täze, häzirki zaman däplerine beripdir. Bu babatda köne dessurlar öz gezeginde täze ýörelgeler bilen sazlaşyp, özboluşly gyzgalaňy — türkmen toýlaryny döretdi.

Türkmen toýlary we oňa girýän dabaralar ortaça üç gün dowam edýär, eger deslapky dabaralaryň hemmesi berjaý edilse, toý bäş güne çenli diýen ýaly uzaýar. Toý däplerine täze goşulan adat hökmünde toýuň öňüsyrasynda durmuşa çykýan gyzyň joralarynyň onuň öýüne toýy maslahatlaşmak üçin üýşmegini, onda gülşüp-degşilip, toýa taýýarlyk görlüşini mysal getirmek bolýar. 

Häzirki wagtda toýlar ýylyň islendik möwsüminde, dürli wagtda edilýär, aslynda bolsa, ýaşuly nesliň wekilleri toýlary özboluşly senenama salgylanyp belli bir kesgitlenen senelerde tutar ekenler. Maşgala toý däplerinde ene-atalara az zadam bagly däldir, emma ýaş çatynjalaryň ozalky döwürlerdäki ýaly biri-birini diňe toý güni görmegi welin jemgyýetde möwritini ýitirdi. Ene-atalar gudaçylygyň başyny başlap, ýa bolmasa-da teklip edip bilerler, emma şonda-da toýuň bolmagy ýaşlaryň ylalaşmagyna baglydyr.

Biziň günlerimize çenli toý däplerinden saklanyp galan adatlaryň biri hem «Atgulak» bolup, ol toý gününiň öňüsyrasynda guralýar we bu däbe laýyklykda, öýlenýän oglanyň ejesi gyzyň ýakyn garyndaşlaryna sowgat gowşurýar. Şonda sowgat hökmünde — matalar, süýjülikler, ýaglyklar, halylar we ş.m berilýär. Toý däbine görä, sowgat alýan tarap hem öz gezeginde oglan tarapa deň derejeli sowgat bilen jogap gaýtarmalydyr.

Iň şatlykly we gyzgalaňly gün ertesi başlanýar. Säher bilen durmuş ýoluna gadam goýýan gyzy milli geýimler bilen bezeýärler, oňa köz ýaly gyzyl, ajaýyp keteni hem-de halat geýdirýärler. Halatdyr keteni ýaş gyzyň boýuny birkemsiz bezäp, kümüşsöw bezeg şaýlary bilen sazlaşýar. Köplenç ýagdaýlarda bolsa, gyzyň dakynýan şaý-sepleri adaty metaldan edilýär, sebäbi olar hem owadan, hem amatly bolýar. Ýene-de bir ornaşan täze «düzgün» — şu hili gymmatlyklary kireýine almakdyr. Çykýan gyzyň ähli egin eşigi we bezegleri umumylykda 25 kilograma ýetýär, eger ol gülýakadyr beýleki bezeglik bölekleýin şaýlary hem dakynsa, gyzyň götermeli zatlarynyň agramy 60 kilograma baryberýär.

Gelinligiň başyna al öwsüp duran ajaýyp kürte atylýar. Bu özboluşly halady gelin toýdan soň hem 40 günläp atynyp gezýär.

Gadymy döwürlerde täze gelne gara güýçlerdir al-arwahlaryň nazary düşermiş, bu bolsa gowlukdan nyşan dälmiş diýen düşünjeler bolup, gelniň ýüzüni esli wagtlap açmaz ekenler, bu häzirki güne çenli saklanyp galan däpleriň biridir.

Gyza toý lybasyny öýlenýän ýigit sowgat etmeli eken, ony bolsa köp çagaly aýala, hepdäniň belli bir günlerinde tikmek ynanylypdyr.

Gyz boýdan-başa bezenenden soň, ol simwoliki ýagdaý esasynda maşgalasy, ene-atasy bilen hoşlaşýar, soňra gelinligi kaşaň bezelen awtoulagda ýigidiň ojagyna gelnalyjylap alyp gidýärler. Gelnalyjy ulagy bezemegem toýuň özbaşyna bir däbi bolup, gadymyýetden bäri dowam edip gelýär. Ozallar gelnalyjy kejebeler bolup, onda düýäni matalar we reňkli ýüp bölekleri bilen bezäpdirler. Biziň günlerimizde bolsa gelnalyjy ulag hökmünde ajaýyp ulag saýlanyp alynýar-da, onuň üsti gyzyldyr zerewşan reňkli matalar, şaý bezegleri bilen bezelýär. Onuň yzyna eýerýän, ýoldaş ulaglar bolsa atgulak ýaglyklary bilen ajaýyp keşbe getirilýär.

Gyz ýere gelnalyjy gelen badyna gelni satyn alýan ýaly görnüşde özboluşly oýun şekilli däp ýerine ýetirilýär. Gudalar gyzy bermejek bolýarlar, oglanyň dostlary bolsa gelni alyp gitmekleri üçin pul berýärler.

Gelnalyjyda şähere aýlanmak we gözel ýerlere baryp surata düşmegem XX asyryň ikinji ýarymynda dörän täzeçil hasaplanýan toý däbi bolup durýar.

Gelnalyjy oglan ýere gelen badyna toý jäjekleri, süýjülikler seçilýär, bu bolsa, täze maşgalada bäbejigiň peýda bolmagy, ýaşlaryň durmuşynyň şol süýjüler ýaly bolmagyny alamatlandyrýar. Täze gelniň ýüzüniň açylyp görülmegem saklanyp galan däplerdendir.

Onda oglanyň ene-atasy täze gelinleriniň ýüzüni kürte astyndan görüp bilýär, munuň üçin bolsa gelne gaýyn enesidir gaýyn atasy sowgat özboluşly sowgat-serpaý edýär.

Ýene-de bir asylly toý däbi, gelin getirilenden soň, ony bir otaga ýerleşdirip, eline-de öýdäkileriň ýa-da garyndaşlaryň biriniň bäbejigidir kiçi ýaşly çagajygy berilýär. Bu bolsa täze maşgalanyň bahym çagalarynyň bolmagyny arzuwlap edilýän däp hasaplanýar.

Beýlekilere bolsa gelin sowgat getirýär. Ilkinji çagajygyň ogul bolmagy üçin ýorganyň burçlaryna aşyklar tikilýär.

Toý dabarasy agşamlyk, sagat altylar töweregi başlanýar. Häzir toýuň bu bölegi türkmenlerde edil ýewropalylaryň däbine kybap görnüşde, döwrebap şekilde — toý mekanynda ýa-da banket zallarynda guralýar. Oňa türkmen maşgalalarynda köp sanly myhman çagyrylýar. Ýigit bilen gelinligi bolsa adatça nusgawy keşpde geýinýärler — oglan gara smoking penjek we jalbar, gelin bolsa ak fata geýýär.

Toý myhmanlarynyň sany ortaça hasap bilen 200-300-den müň adama çenli bolup biler. Myhmanlaryň şeýle köplügi köp garyndaşly türkmen maşgalalary üçin adaty ýagdaýdyr. Toý mekanam olaryň tans etmegi, şatlanmagy üçin nazarda tutulandyr. Toýda tans meýdançasyna çykyp tans edip şowhuny artdyrýan myhmanlara toý eýeleri elýaglyk, ýaglyk, süpürgiç ýa-da süýjülikler ýaly dürli hili sowgatlary paýlaýarlar. Dabaranyň şowhuny näçe uly bolsa-da, toýy ýarygijä ýetmän, ondan bir-iki sagat öň tamamlamaly bolýar.

Ýaş çatynjalar toý mekanyndan hemmelerden öňinçä çykýarlar. Öýlenýän ýigidiň öýüne gelnenden soňam, toý dabaralary dowam edýär. Ýaşlar ýene-de milli geýime geçýärler. Gelniň başyna tahýa bilen ajaýyp ýaglyk daňylýar, bu bolsa onuň ilkinji gelinlik alamatlarynyň biridir. Gelin şol daňylýan ýaglygy ömrüniň ahyryna çenli hakyda düwünçegi edip ýygşyryp goýýar, soňlugy bilen ony gyzyna ýa-da oglunyň gelnine sowgat hökmünde berýär.  

Toý dabaralary öýde dowam edip, guşak çözdi däbi ýerine ýetirilýär, onda gelin üçin oýun-degişme görnüşli synag guralýar. Has takygy, täze gelin adamsynyň çigin edilip daňlan guşagyny çözmeli bolýar, olaryň töwerek daşyny ulular we kiçiler gurşap alyp, aýratynam, ýigidiň dostlary her hili degişmelerdir gohlary bilen gelniň düwüni çözmegine päsgel berýärler. Şunuň bilen ýene-de bir adat, oglanyň aýagyna dar ädigi geýdirip, ony çykarmak, ýa bolmasa-da dostlary onuň köýnekçesiniň iliklerini çekip gaçyrýarlar, gelin bolsa olary şobada tikmeli bolýar. Umuman, bu gysga wagtlyk üýşmeleň öýlenýän ýigidiň dostlaryny otagdan guşagy bilen urup kowup çykarmasy bilen tamamlanýar.

Gadymy wagtlarda gyz bukjalaryny özi taýyn etmeli bolupdyr, şeýle-de oňa bu işde hossarlary we joralary ýardam beripdir. Onuň bukjasyna 1-2 sany haly, halyça, ýyly ýorgan, gap-gaç, zatlary salyp goýar ýaly haly horjunlary, şeýle-de dabara we gündelik geýer ýaly egin eşikler we sandyk giripdir. Mahlasy, bu agzalýan zatlaryň ählisi diýen ýaly häzire çenli azda-kände saklanyp galypdyr. Häzir çykýan gyzlara bukjasyny eli bilen taýýarlamak zerurlygy hem ýok.

Toý däplerinde täzeçillikleriň, döwrebaplygyň daşky şertlere görä ýüze çykmagy, gadymy däpleriň bolsa kem-kem unudylmagy bolup geçýänem bolsa, türkmen toýy — her bir türkmeniň durmuşynyň iň ýatdan çykmajak we hazynadan gymmatly hakyda öwrülýän wakasy. Onda täsin şatlyk-şowhun diňe birnäçe adamyň däl-de, eýsem köp sanly ýakynlaryň begenç duýgulary bilen utgaşýar. Onda Gündogaryň göwnejaý, asylly däpleriniň türkmen pelsepesi bilen sazlaşyp bir bitewüligi emele getirýändigini görmek bolýar. Onda ata-babalara çäksiz hormat duýulýar.

Eger maşgalaňyzda toý tutmak maksat edinilýän bolsa, onda laýyk geljek toý mekanyny saýlamagyň aladasyny edip başlaberiň.

Bu meselede toýy ýokary derejede guramagy bolsa, ussat toý guraýjy hünärmenlere ynansaňyz dogry bolar.

Aşgabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde ýerleşýän «Ak Ýol» toý mekany — giňişgen, owadan bezegler bilen bezelen, özi hem müň adama çenli myhman çagyrmaga mümkinçiligi bolan toý mekanydyr.

Ýörite türkmenistanly toý tutýan ýaşlar üçin «Ak ýol « toý mekany tölegi 3 ýyllyk garaşaryna möhleti bilen tölemek mümkinçiligini döretmek bilen, birnäçe tölegsiz hyzmatlary hem hödürleýär:

  • toý zalynyň bezegi;
  • yşyklandyryş we ses enjamlary;
  • foto we wideo faýllary görkezmek üçin üç sany ekran;
  • lazer şowy we bug beriji enjam.

Mundan başga-da «Ak Ýol» toý mekanynda ýörite çagalar üçin oýun zolagy döredilen. Bu ýerde toý tutýan müşderiler üçin animatorlaryň hyzmaty mugtdur.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: advantour.com; turkmenistan.gov.tm; turkmenistan.gov.tm 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar