Toý mekanyny, dabaranyň belleniljek ýerini saýlap almak durmuş toýunda, oturyşlyk, ýubileý, gender-pati ýa-da islendik başga bir dabarada esasy meseleleriň biridir. Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Ak Ýol» toý mekanynyň administratory bu meselede restoranyň hünärmenine diňe bir nähili sowallar bilen ýüzlenmelidigini aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, ol sowallara öz toý mekanynyň mysalynda anyk jogaplary hem berdi.
— Toý mekanynda birbada näçe dabara bellenilip bilner?
— «Ak Ýol» toý mekany diňe bir dabarany bellemek üçin niýetlenen. Ýöne bu ýerde müşderi we onuň myhmanlary üçin oňaýly şerti üpjün etmäge üns berilýär.
— Toý zaly näçeräk adam üçin niýetlenen?
— «Ak Ýol» toý mekany umumylykda, erkin ýagdaýda müň adama niýetlenen. Onuň bellemeli esasy aýratynlygy oturmak hem tans etmek üçin giňişliginiň bolmagy. Zalyň giň bolmagy adam sanynyň näçe köp bolsa-da, olaryň gür ýerleşmezligi üçin gowy şertdir.
— Toý mekanynda näçe hyzmatçy hyzmat eder?
— Biziň toý mekanymyzda jemi 20 sany hyzmatçy işleýär. Dabaranyň myhman sanyna görä, olaryň sany üýtgedilip hem bilner.
— Toý meýdançasynda yşyklandyryş, audio, görkezme ýaly haýsydyr bir enjamlar barmy?
— «Ak Ýol» toý mekanynda häzirki döwrüň talaplaryna we hiline kybap gelýän ähli zerur tehniki serişdeleriň hyzmaty hödürlenýär. Mundan başga-da, yşyklandyryş we aýdym-saz enjamlary, foto we wideo görkezmek üçin üç sany ekran, lazer şüweleňi we bug goýberiji enjam müşderileriň sargydy üçin doly tölegsiz ýetirilýär.
— Dabaralary bellemek üçin tölegleri nähili geçirip bolýar?
— Tölegiň şerti özbaşdak gepleşilýär. Ýaş çatynjalar üçin «Ak Ýol» toý mekanynyň 36 aýa garaşaryna bölekleýin töleg geçirmek şertini hödürleýändigini hem bellemeli.
— Agşamlyk naharlarynyň tagamnamasyny nähiliräk düzüp bolýar?
— Naharlaryň tagamnamasyny düzmek «Ak Ýol» toý mekanynda hiç hili kynçylyk döretmeýär. Agşamlyk naharlaryny görnüşlerine görä saýlamak üçin bizde müşderi üçin dürli hili tagamnamalar bolup, olar dürli bahalarda hödürlenýär.
— Toý mekanynyň goşmaça nähili ýeňillikleri bar? Ýaşlara nähili sowgatlar hödürlenip bilner?
— «Ak Ýol» müşderileri üçin köp sanly ýeňillikleri we sowgatlary ýetirýär. Olardan süýjülik tortuny, zalyň ajaýyp bezegini, myhmanhanada lýuks otagyň, «Linkoln» awtoulagynyň berilmegini, şeýle-de alypbaryjynyň we aýdymçynyň çykyşlaryny belläp bileris.
Şular bilen birlikde, toý zalynyň çäginde surata düşmek üçin birnäçe foto meýdança, çagalar üçin oýun meýdançasy bar. Animatorlaryň hyzmaty hem tölegsizdir.
«Ak Ýol» toý mekanynda agşamky dabarada hiç hili kemçiligiň bolmazlygy üçin sowallaryň sanawyny düzmek teklip edilýär.
Dabarany bellemekde öňünden sargytlar üçin şu salgylara ýüz tutmak bolýar: Aşgabat ş., «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi, Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý.
Habarlaşmak üçin:
- telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38;
- sosial media ulgamyndaky hasaby.
Peýdalanylan çeşmeler: vinity-group.ru; domtorzhestv.ru; gold-wedding.com; r-vremenagoda.ru; artevent24.ru
Şeýle-de okaň: