Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşpezleriň leksikasy: tagamlar dogrusynda — grilata, pinço, tortilýa...

1
36244

Kafe ýa restorana baryp tagamnamadaky naharlara göz gezdirýäris, birgiden atlary düşnüksiz naharlar göze ilýär. Bu köpimizde ýygy gabat gelýän ýagdaý. Aslynda bolsa, olar biziň adaty görüp ýören naharlarymyzdan — buterbrod, kotlet, gowrulan et ýa-da çörek ýaly tagamlardan görnüşi boýunça kän bir tapawutly däl.

Düşnüksiz ýaly görünýän şol aşpezçilik syrlaryna — tagamlaryň leksikasyna «Ak Ýol» toý mekanynyň baş aşpeziniň ýardamy bilen düşünmäge synanyşalyň.

Broşet — kakadylyp bişirilen islendik önüme aýdylýar (et, guş eti, gök önüm ýa-da kömelek).

Brusketta — üstüne anyk bir ingredient çalnyp, ýa bolmasa-da arasyna salnyp taýýarlanylýan gyzdyrylan ýa-da guradylan çörek bölegi. Muňa başgaça buterbrod diýsegem bolýar. 

Babaganuş gündogar aşhanasyna degişli tagam. Işdäaçar üçin kömür bilen bişirilen badamlar arassalanýar we ýakymly ysly nahar goşundylary bilen garylýar.

Galeta — tekiz guradylan külçe.

Granita — italýan süýjüligi, başgaça aýdylanda, süýji miweli tort.

Graten — bu süýji, gök önümli, balykly ýa-da etli bolýar. Graten diýip howurpeçde datly tagama gelýänçä bişirilýän şu hili tagamlara aýdylýar.

Grilata — iki tarapy grilde gowrulan içi dürli tagamly üçburç gutap. 

Dip — gök önümleriň, miweleriň we goşundylaryň dürli hili goşulmagy arkaly örän goýy sous taýýarlanýar. Oňa çips batyrylýar ýa-da ol gowrulan tosta çalynýar.

Surat: ru.freepik.com

Kanape — buterbrodjyk. Grenka ýa-da üsti iýilýän tagamly kiçijik çörek bölejigi.

Karpaçço — düzümi zeýtun ýagly ýa-da limonly sous bilen garylan, inçe kesilen çig et.

Kiş (tart) — gum görnüşli hamyrdan açyk ýumşak köke. Ýumurtga, gaýmak, peýnir hem-de beýleki ingredientler bilen goşulyp howurpeçde bişirilýär.

Krep — örän inçe, pakmaýasyz çelpek.

Krostini — howurpeçde gyzdyrylan, ýag çalnan, paştet ýa-da beýleki zatlar doldurylan çörek bölekleri.

Konfi — özbaşdak sokda taýýarlanan doňuz ýa-da guş eti.

Paelýa — ispanlaryň guş etinden ýa-da deňiz önümlerinden goşundy goşup taýýarlaýan tüwüli milli nahary.

Parfe fransuzçadan terjime edilende «ideal» diýmegi aňladýar. Bu doňdurylan süýjülik şeker ýa-da wanil goşulan gaýmakdan taýýarlanýar. Ys we tagam bermek üçin parfeniň düzümine şokolad, miweler, kakao we ş.m goşulýar.

Pinço — uly bolmadyk buterbrod. Çörege balyk, krewetka ýa-da beýleki deňiz önümleri dykylýar.

Pannakotta — ýumşak krem žele kremi süýt, wanil we želatinden ybarat bolýar. Süýji sous ýa-da miweler bilen birlikde stola uzadylýar.

Surat: ru.freepik.com

Ratatuý özbaşdak tagam ýa-da garnir hökmünde gyzgyn ýa-da sowuk ýagdaýda alnyp bilner. Ratatuý — bu tomat sousynda buglanan, uly kesilen gök-bakja önümler.

Rollada — et we gök önümli, şeýle-de şokolad hem-de kremli biskwit hamyrly bolup bilýän rulet.

Sabaýon — çakyr, rom we dalçyn goşulan, şeker bilen garylan ýumurtga sarysy.

Tortileýi meksika kökesi diýip atlandyrýarlar, ispan soganly-ýer almaly omleti diýip hem atlandyrýarlar.

Tiramisu — Sawoýardi biskwitli kökesine maskarpone peýnirinden taýýarlanan kremi, kofäni, romy, şekeri hem-de ýumurtgany goşýarlar.

Traýfl — heres, krem gaýmak, ýertudana, malina we banan goşulan biskwitli ýa-da keksli iňlis süýjüligi.

Tofu — soýa noýbaly dorag. Ol özbaşdak, şeýle-de işdäaçar ýa-da naharlar bilen bilelikde alnyp bilner.

Surat: ru.freepik.com

Frittata — Italiýanyň omleti bolup, ýurduň käbir etraplarynda ony makaron bilen hem taýýarlaýarlar. Nusgawy usulda frittata gök önümler, peýnir we et goşulýar. Bu tagam ilki plitada, soň bolsa kondisiýa çenli howurpeçde taýýarlanylýar. 

Flambe — ajy alkogol bilen bişirilen islendik zada aýdylýar. Munda önüme alkogol (konýak, rom...) guýýarlar we ony ýakyp bişirýärler.

Humus — Ýakyn Gündogaryň ýeňiljek sowuk işdäaçary. Humus — nutdan, künjüden, zeýtun ýagyndan, sarymsakdan we limon suwundan ýasalýan goýy pasta.

Bu häzirlikçe işdäňi açýan tagamlaryň diňe bir bölegi. Esasy zat, restoranlara baran mahalyňyz hyzmatçydan tagamnamada gören nätanyş tagamyňyz barada soramakdan çekinmäň.

«Ak Ýol» toý mekanynyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, medeniýetli hyzmat edýän ofisiant toý mekanynyň tapawutly taraplarynyň biridir. Hut şonuň üçinem, ofisiantlar ýetişikli we salyhatly bolmak bilen birlikde, tagamlaryň sanawyny, olary uzatmagyň medeniýetini, naharlaryň taýýar bolýan wagtyny hökmany bilmelidir.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Ak Ýol» toý mekanynyň Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna durmuş toýy, doglan günler, oturyşlyklar ýaly dabaralary bellemek hem-de sadaka bermek üçin giň mümkinçilikleri hödürleýändigini ýatladýarys.

«Ak Ýol» bellenilýän toý dabaralary üçin ýörite tölegsiz hyzmatlaryň toplumyndan peýdalanmak mümkinçiligini döredýär. Bularyň hataryna dabaranyň tölegini 36 aýa bölüp, möhletler boýunça bölekleýin geçirmek, süýjülik torty we zalyň bezegi, lazer şowy, TW ekranlar, myhmanhanadan lýuks otag, «Linkoln» kysymly gelnalyjy awtoulagy we beýlekiler degişli.

«Ak Ýol» toý mekany Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýynda ýerleşýän «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň birinji gatynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: f-journal.ru; www.kakest.by; ru.wikipedia.org

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
turkmenportall ( 23.06.2023 )

SAG BOLUŇ!

0
Meňzeş makalalar