Soňky habarlar

Arhiw

Howpsuzlyk kemerleri — ömürleriň halasgäri

0
44777

Dürli ýol-ulag hadysalarynyň öwrenilmegi olarda köplenç halatda adamlaryň ulagyň içinde, agdarylma ýa-da çaknyşma sebäpli ulag serişdesiniň duýdansyz tizliginiň peselmegi netijesinde şikes alýandygyny mälim etdi. Awtoulagyň hereketi mahalynda adam agramynyň toplanýan ägirt uly kinetik energiýasyny peseltmek üçin ulaglaryň gurluşynda ýöriteleşdirilen saklaýjy düzümler göz öňünde tutulandyr.

Howpsuzlyk kemerleri bu köpsanly dürli görnüşli düzümleriň iň ygtybarlysydyr. Daşary ýurtlarda geçirilen köpsanly barlaglar howpsuzlyk kemerlerinden peýdalanylmagynyň dürli ýol-ulag hadysalarynyň getirip biljek zelelini ep-esli peseltmäge mümkinçilik berýändigini görkezdi. Mysal üçin, russiýaly hünärmenleriň geçiren barlaglary ýeňil ulaglarda howpsuzlyk kemerlerini ulanmaýanlara garanyňda, ondan peýdalanýan sürüjileriň we ýolagçylaryň ýaralanýanlarynyň sanynyň 2,4 esse, şonuň ýaly-da, heläk bolýan adamlaryň sanynyň hem 3,7 esse azalandygyny aýan etdi.

Şeýle hem alynýan şikesleriň häsiýeti-de üýtgedi. Howpsuzlyk kemerini äsgermeýänler, esasan, gapyrgalaryň döwülmegi, beýni sarsgyny, burnuň we äňiň döwülmegi, aýagyň, eliň çanaklyk boýunlarynyň döwülmegi we kelläň, ýüzüň çapylmagy ýaly, şikeslere sezewar bolýarlar. Bulardan başga-da, agyr kelle-beýni şikesleri-de az duş gelenok. Şeýle-de, boýun oňurgalarynyň we dürli içki organlaryň howply şikeslerine alyp baryp biler. Şol bir wagtda howpsuzlyk kemerleriniň ulanylmagy netijesinde döş kapasasy we oňurga şikesi ýaly (32,2 %), beýni sarsgyny hem ep-esli azaldy (64,4 %). Köplenç halatda ýol-ulag hadysasy netijesinde ýeňil-ýelpaý şikesleriň, köplenç bolsa el-aýak agyrtmalaryň duş gelýändigi bellenilýär.

Howpsuzlyk kemerleriniň dogry ulanylmagyna-da köp zat baglydyr. Mysal üçin, adamynyň teni bilen howpsuzlyk kemeriniň arasynda yşyň galmagy bu ugurdaky ähli aladany puja çykaryp biler. Çünki şol yş 20 santimetr ýa ondan hem uly bolsa howpsuzlyk kemeriniň hiç hili peýdasy ýokdur. Munuň özi her hili betbagtçylykly hadysalaryň üstünden eltip biler.

Adam bilen howpsuzlyk kemeriniň arasyndaky yş takmynan 2,5 santimetr bolmalydyr. Kemeriň häki bir göz üçin oklanylmagyna, ildirgije ildirilmezligine ýol berilmeli däldir. Munuň özi-de howply pursatlaryň döremegine getirip biler.

Howpsuzlyk kemerleri, ine, indi tas kyrk ýyl bäri ulanylyp gelinýär. Şu ýyllar içinde olar, gör, näçe adamyny heläk bolmakdan halas etdiler, köpsanly sürüjileriň we ýolagçylaryň saglygyny gorap sakladylar. Howpsuzlyk kemerlerini äsgermezlik etmäliň!       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar