Soňky habarlar

Arhiw

Geljegiň interýer bezeginde iň ýörgünli boljak 5 ideýa

0
46813

Interýer dizaýnynyň dünýäsinde trend derejede ýörgünli bolýan bezegleriň tiz özgerip durmagy eýýäm adaty ýagdaýa öwrüldi. Muňa garamazdan, öýi göze gelüwli görnüşde bezemegiň, ýagny interýer dizaýnynyň ýene uzak ýyllara çenli özüniň owadanlygyny saklap biljek stilleriniň we çözgütleriniň hem bardygyny ýatdan çykarmaly däl. Bu hili bezegleri döretmegiň gymmaty bolsa, olara häzirden maýa goýup, geljek üçinem tygşytly ädim ätmekdedir.

Tebigy materiallar — agaç, aýna, kerpiç, demir, keramika we daş...

Özboluşly tebigat şekilini döredýän agaç esasyndaky mebeller we öý bezegi, inçe çyzgyly mermer ýa-da jaýryk görnüşdäki kerpiçler ýene-de onlarça ýyllar geçse-de, gadymy trend hökmünde ýatda galman, eýsem, ýörgünli gadymy bezegleriň ýa-da antikwariatlaryň hatarynda bolar.

Surat:freepik.com

Tebigy materiallar garraýan bolsa-da, owadanlygyny ýitirmeýär, olar aýdyň fakturaly görünýär.

Ak we beýleki aralyk reňkler

Ýönekeý, kadaly reňkler — interýeriň iň üstünlikli aýratynlygydyr. Bu hili öwüşginler aýdyň, ortalyk we adaty bolmadyk reňkler bilen sazlaşykly utgaşýar.

Surat:freepik.com

Ýeri gelende «asyrlap» durjak dizaýn döretjek diýip, has çemeleşip durmaly däl. Eger aýdyň hem-de agyr reňkleri halaýan bolsaňyz, onda häzirki zaman ýörelgelere däl-de, öz isleglerňize salgylanyň.

Sungat gymmatlyklary

Hemmeleriň peýdalanýan adaty zatlary awtorlyk eserlerine garanyňda ýene birnäçe ýyldan modadan galýar. Hut şonuň üçinem geçen asyrlaryň nakgaşlyk ýa-da heýkeltaraşlyk eserleri häzirki zaman interýerinde ajaýyp görünýär.

Dogrusy, şeýle täsin we gadymy gymmatlyk bolup duran eserleri her kim alyp bilmeýär, şol sebäpdenem köpler olaryň gaýtadan işlenen görnüşlerini alýarlar. Şu meselede häzirki zaman suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň hem-de beýleki amaly-haşam sungat ussatlarynyň döreden art-obýekt eserlerine-de üns çekmek ýerlikli bolar.

Surat:restroymaster.ru

Sungat eserini saýlamak babatda ýalňyşaryn öýdýän bolsaňyz, hünärmenler size bu sungat obýektine ençeme ýyllap seretmäge taýyn diýen ýörelgä görä saýlap almagy maslahat berýärler.

Funksionallyk wagta boýun egmeýär

Eýýäm ulanylyşy özboluşly medeniýete öwrülip giden mebel we dekor predmetlerine funksionallyk, oňaýlylyk we gysgalyk mahsusdyr. Edil şol sebäpdenem mundan 50 ýyl ozal döredilen eserler göräýmäge düýn döredilen ýaly göze ýakymly bolup dur.

Indiwiduallyk

Surat:restroymaster.ru

Özboluşly häsiýete eýe bolan interýer dürli stilleriň elementlerini özünde jemläp bir bitewiligi döredýän meýdança mysalydyr. Olar uzak ýyllaryň dowamynda hem täzeçilligini ýitirmeýär. Ýöne bu diňe adaty görnüşde saýlanyp alnan predmetlerde däl-de, oýlanyşykly konsepsiýa esasynda ýola goýlan ýagdaýynda şowly bolup biler.

Özüňe gyzykly bolan interýeri döretmek, özbaşdak öý bezegini durmuşa geçirmek üçin bu babatda türkmenistanlylar «Aýbölek» mebel kärhanasyna ýüz tutup bilerler.

Kärhana eýýäm köp ýyllar bäri özbaşdak sargytlar esasynda hyzmatlary ýerine ýetirip gelýär. Bu hili mebeliň tapawutly taraplary bolsa onuň aýratyn, diňe bir nusgada ýasalmagynda, onuň sazlaşykly gurnalmagynda. Mebel toplumy otagyň ölçeglerine laýyklykda ýasalýar.

Türkmenistanda öňdebaryjy mebel önümçiligi bolan «Aýbölek» kärhanasy ýatylýan otag üçin mebelleri, aşhana we çagalar otaglarynyň garniturasyny, myhman otagy, iş otagy, kitaphana we ş.m ýerler üçin niýetlenen mebel önümlerini öndürýär.

«Aýbölek» dükany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 80-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04.

Peýdalanylan çeşmeler: inmyroom.ru; ivd.ru; tk-lanskoy.ru; marieclaire.ru

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar