Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şu tomusda garderobyňyzy bezemeli 5 sany döwrebap geýimler

0
26282

2022-nji ýylyň tomsy dowam edýär we her bir gyz özüne çekiji bolmak we özüniň gaýtalanmajak keşbi bilen hemmelerde täsir galdyrmak isleýär. Bu möwsümde moda bolan egin-eşikler bilen garderobyňyzy doldurmagy teklip edýäris.

Aşgabatdaky türk haryt nyşanlarynyň dükanlarynyň wekilleri bolan – «LC Waikiki», «Mavi» we «Koton» şu tomus möwsüminde bäş sany esasy egin-eşik görnüşleriniň sanawyny düzmäge kömek etdi.

1. Açyk reňkli penjek we jalbar

«Aýallar üçin penjek we jalbar» sözüniň diňe ofis işi üçin niýetlenen esasy reňklerde nusgawy görnüşde döredilen egin-eşigi aňladýan günleri tamamlandy. Häzirki wagtda dizaýnerler gyzlar üçin ýiti we çuň reňkli ajaýyp eşikleri hödürleýärler. Mundan başga-da, moda öýleri dürli görnüşlerde we biçüwlerde döredilen penjekleri hödürleýärler: mysal üçin, ulaldylan biçüwde, adaty bolmadyk kesimli ýa-da egin çyzygyny öňe çykarýan görnüşler. 
Penjek we jalbar aksessuarlaryň sazlaşygynda we dürli köýnekçeler, köýnekler we toplar bilen bilelikde teatra, restorana, duşuşyga we iş duşuşygyna gitmek üçin örän amatly bolar.

2. Top-bra

2022-nji ýylyň ýaz-tomus möwsüminiň ýene bir öňdebaryjy modalarynyň biri hem gysgaldylan topdyr. Egin-eşikleriň bu görnüşi jins, giň balak ýa-da gysga etek bilen owadan görünýär. Top-bra bomber kurtkasy, köýnek ýa-da erkekler üçin niýetlenen biçüwli žaket bilen sazlaşykda batyrgaý gyzlaryň özboluşly keşbini emele getirer.

3. Kesimli köýnek

Hünärmenleriň pikirine görä, 2010-njy ýylyň modasy täzeçil görnüşde hemişelik moda hökmünde galyp biler. Köýnegiň, bokurdakly geýimiň (wodolazkanyň) ýa-da topyň dürli ýerlerindäki kesim dürli şekillerde synag geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bil çyzygynyň gapdal kesimleri bedeni has owadan görkezýär.

Ellerde we eginlerde ýörite goýlan kesimler has näzik görünýär.

Döş we arka taraplardaky kesimler özüne çekiji görünýär, şeýle görnüş agşamky köýnekde ajaýyp görner.

Üýtgeşik we adaty bolmadyk moda çözgütlerini halaýanlar bolsa özünde birnäçe kesimleri birleşdirýän eşik görnüşlerini saýlap bilerler. 

4. Giň jinsi 

2021-nji ýylyň meşhur biçüwleriniň biri bu möwsümde hem moda münberlerinde mynasyp ornuny tapdy. Şonuň üçin hem siziň geýimleriňiziň arasynda giň jinsi ýok bolsa, ony satyn almagy maslahat berýäris.
Bu görnüş diňe bir döwrebap bolman, eýsem, ählumumydyr: ony islendik aýakgap görnüşi bilen (sport aýakgaby, ökjeli köwüş, ýeňil aýakgap) we üstki geýim (bluzka, erkin köýnekçe, bleýzer penjegi) bilen utgaşdyryp geýmek bolýar.

Jinsiň ini azajyk giňlikden iň uly göwrüme çenli dürli-dürli bolup biler. Şeýle hem bu möwsümde bili pes, ýyrtylan we keşdeli jinsler has meşhurdyr.

5. Köýnek

Döwrebap köýnek, möwsüme garamazdan, aýal-gyzlarda hökmany bolmaly geýimleriň biridir. 2022-nji ýylda giň ýeňli erkin biçüwli köýnek görnüşleri has meşhurdy. Şeýle biçüwiň bedeniň käbir kemçiliklerini örän gowy gizleýändigi bellenmäge mynasyp artykmaçlykdyr. Mundan başga-da, şu tomusda moda nusgalarynyň hatarynda uzyn köýnegi we giň biçüwi agzamak bolar.

Şeýle hem bu ýyl dizaýnerler gadymy bezegler, bezeg daşlary, bantik, örme nagyşlar we beýleki moda utgaşmalary bilen bezelen köýnek ýakalaryna aýratyn üns berýärler.

Aşgabatdaky «Berkarar» söwda merkezinde ýerleşýän «LC Waikiki», «Mavi» we «Koton» dükanlaryna baryp, söwda edip bilersiňiz. Haryt nyşanlarynyň dükanlarynda mösümiň soňky görnüşleri we moda görnüşleri alyjylara hödürlenýär.

Näme üçin dükanlara baryp görmeli?

  • Eşikleriň, aýakgaplaryň, ýantorbalaryň we esbaplaryň yzygiderli täzelenýän baý görnüşleri;
  • Bütin maşgala we islendik pursat üçin şekil saýlamak mümkinçiligi;
  • Ýokary hil we dizaýn çemeleşmesi.

Ýokarda agzalan döwrebap egin-eşik dükanlary müşderilere ýetirýän ýokary hilli hyzmatlary bilen tanalýarlar. Dükanlar müşderileri begendirmek maksady bilen yzygiderli arzanladyşlary, aksiýalary we baýrakly oýunlary guraýarlar.

Aşgabatdaky egin-eşik dükanlary bilen habarlaşmak üçin:

  • Koton Women +993 61643996;
  • Koton Kids +993 61643985;
  • Mavi +993 61643987;
  • LC Waikiki +993 61176533.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar