Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwrebap jins egin-eşikleriniň has ykjamyny nädip saýlamaly

0
8062

Jins matasyndan tikilen egin-eşik önümleri aýallaryň we erkekleriň söýgüli geýimlerine öwrüldi. Bu egin eşikleri edara, seýilgähe, gezelenje, oturylyşyga we dabaraly çärä geýip bolmagy olary tapawutlandyrýan aýratynlykdyr. Jins önümleri egniňde gowy oturmak bilen, daşky görnüşe döwrebaplyk hem gözellik çaýýar. Ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýan şeýle meşhur jins önümleri «Colin’s», «Koton women» we «Mavi» haryt-nyşanlary astynda alyjylara ýetirilýär. Dünýäniň tanymal haryt-nyşanly önümleriniň söwda dükanlarynyň hünärmenleri jins önümleriniň has ykjamyny tanamak üçin olaryň dürli görnüşli biçüwleri barada maglumatlary müşderilere ýetirýärler:

Skinni

Skinni jinsleri bedende dykyz oturyp, gurluşy owadan, uzyn aýakly müşderiler üçin niýetlenendir. Ol örän ykjam hem-de beden üçin ýakymlydyr. Şeýle hem modalar dünýäsine has batyrgaý çemeleşýän alyjylar üçin tikinçi-dizaýnerler ekstra-skinni jinslerini hödürleýärler.

Klýoş

Bu önümlere bedeniň but böleginden ýa-da dyzdan başlanýan giň biçüw häsiýetlidir. Ol 2021-nji ýylyň iň döwrebap biçüwli egin-eşikleriniň biridir. Modalar dünýäsiniň geçmişinden şu güne «gaýdyp gelen» bu jinsler müşderileriň ýene söýgüsini gazanmagy başaryp, il arasynda aýdylýan: «Ähli täzelikler — gowy ýatdan çykarylan könelikler» diýen aýtgynyň dogrudygyny görkezdi. Klýoş biçüwli jinsleri erkin hereket etmäge mümkinçilik berýär.

Boýfrendler

Giň biçüwdäki bu jins önümleri uniseks, ýagny zenanlara hem-de erkeklere niýetlenen egin-eşikleriň döreýşi bilen ýaşdaşdyr. Olar örän rahatlygy bilen tapawutlanýarlar. Olary epläp, islendik egin-eşik bilen geýmek bolýar.

Slimfit

Skinni bilen deňeşdirilende, bu jinsler biraz giň biçüwlidir. Olar nusgawy biçüwdäki jinsler bilen dar biçüwli balaklaryň aralygyndaky görnüşdir.

Nusgawy (Klassyky)

Adatça, nusgawy (klassyky) jins önümleri «straight» ýa-da «regular» diýen at bilen belgilenýär. Bu jinsleriň islendik beden gurluşyna laýyk gelmegi we gözelleşdirmegi olaryň esasy aýratynlygydyr.

Skinni-krop

Skinniniň bu nusgasy asyl biçüwli görnüşinden uzynlygynyň topukdan çala geçýändigi bilen tapawutlanýar.

Ýokardan başlanýan biçüwli

Döwrebap jins balaklarynyň biçüwi ýokardan başlanýan, ýagny bedeniň bil bölegine çenli geýilýän görnüşleri birnäçe ýyllap meşhurlygyny saklady. Bu jinsler bedeniň bil böleginiň gözel görünmegine ýardam edýär. Şeýle hem bu biçüwdäki jinsler geýinmegiň islendik görnüşine laýyk gelýär.

Jogerler

Jogerler — manjetli, ýagny aýak ujy yzyna eplenýän sport balaklary. Bu jins önümleri dostlaryň bilen şähere gezelenç etmek üçin iň rahat geýimdir.

Jins önümleriniň ýokarda atlandyrylan görnüşlerinden başga-da, özara tapawutlandyrmak ýeňil düşmeýän onlarça biçüwleri bar. Şol sebäpli-de bu işi ýörite hünärmenlere ynanmak ýerliklidir.

Şeýlelikde, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde hem-de paýtagtymyzyň G.Ezizow adyndaky köçesindäki 14-nji tapgyr ýaşaýyş jaý toplumynyň 20-nji «Nebitgaz» jaýynda ýerleşýän «Colin’s», «KotonWomen» we «Mavi» haryt-nyşanly dükanlarynyň hünärmenleri müşderileriň rahat jins egin-eşikleri saýlamagynda degerli maslahatlary berýärler. Tejribeli hünärmenleriň jins matasyndan tikilen egin-eşikleriň täze hem döwrebap biçüwdäki nusgasy bilen tanyşdyrmagy alyjylaryň gerekli önümi çalt saýlamagyna we wagtyny tygşytlamagyna ýardam edýär.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar