Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä belli haryt-nyşanlarynyň döreýiş taryhyndan

0
55266

Türkiýede öndürilýän döwrebap hem özboluşly biçüwli egin-eşikler Türkmenistanda hemişe uly islegden peýdalanýar. Olaryň tapawutly aýratynlygy hökmünde bu lybaslaryň diňe bir dünýäniň moda täzeligine eýermegi däl-de, ýokary hilliligi hem-de öňdebaryjy modalar öýüniň lybaslary bilen deňeşdirilende, bahasynyň amatlylygy hem öňe saýlanýar. 

Türkiýäniň egin-eşikleri öndürýän haryt-nyşanlarynyň sany kän. Biz  olaryň ýurdumyzyň bazarlarynda alyjylaryň ýokary islegine eýe bolanlarynyň döreýiş taryhy bilen tanyşdyrýarys.

«Colin’s»

«Colin’s» haryt-nyşanly jins egin-eşikleriniň watany Türkiýedir. Alyjylar olar bilen ilkinji gezek 1983-nji ýylda tanyşdylar. Şol döwürlerde bu haryt-nyşanly egin-eşikler Stambulda ýerleşýän kiçijek tikin kärhanasynda taýýarlanylýardy. Ilki badalar bu kärhanada gyş üçin niýetlenilen paltolar we tüýli kurtkalar tikilýärdi. Jinsden taýýarlanylan egin-eşikleriň ilkinji jübüti 1986-njy ýylda alyjylara ýetirildi. «Colin’s» haryt-nyşany çalt depginler bilen ösdürilip, diňe bir Türkiýede däl, eýsem, daşary döwletleriň birnäçesinde meşhurlyk gazanmagy başardy.

«Colin’s» haryt-nyşanynyň esasy «ýüzi» jins jalbarlarydyr. Uly göwrümli tikinçilik kärhanasynda jinsden egin-eşikleriň başga-da birnäçe görnüşleri ― kurtkalar, kombinezonlar, ýubkalar, ýeňsizler, şeýle hem köýnekçelerdir jemperler taýýarlanylýar.

«Colin’s» dünýäbelli haryt-nyşanly egin-eşikleriň arzan bahaly nusgasyny däl-de, şol tikin kärhanalarynyň gymmatbahaly lybaslaryna garanyňda, elýeter bolan ýokary hilli hem-de özboluşly harytlary öndürýär. Şeýle hem «Colin’s» dünýäbelli «Calvin Klein», «Tommy Hilfiger», «Lee», «Ralf Lauren» ýaly haryt-nyşanlarynyň we beýlekileriň buýrmasy boýunça hem egin-eşikleri tikmek bilen meşgullanýar.

Häzirki wagtda «Colin’s» haryt-nyşanynyň egin-eşikleri ABŞ-da, Russiýada, Ýewropada, Demirgazyk we Günorta Amerikada, Ýakyn Gündogarda, ýagny dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlarynda satylýar. Bu söwda haryt-nyşany Türkmenistanda hem meşhurdyr. Ol, ylaýta-da, ýurduň ýaşlarynyň hem-de ýetginjekleriniň arasynda ýörgünlidir. «Colin’s» haryt-nyşanynyň egin-eşikleri, nusgawy görnüşe wepalylygy saklamak bilen, ýokary hil derejesine hem-de döwür bilen aýakdaş gitmäge bolan ymtylyşa eýedigi bilen tapawutlanýar.

«Koton»

«Koton» egin-eşikleriň önümçiligi boýunça transmilli türk kompaniýasydyr. Onuň ilkinji hem örän kiçijek dükany 1988-nji ýylda Stambulda açylypdy. «Koton» haryt-nyşany bilen egin-eşikler, aýakgaplar we goşmaça bezeg harytlary (aksessuarlar) öndürilýär.

«Koton» öz önümlerine bir möwsümde birnäçe gezek täzelik girizýändigi sebäpli, «fast-fashion» haryt-nyşanlaryna degişlidir. «Koton» has gymmatbahaly haryt-nyşanlarynyň önümlerinden nusga alyp, olara meňzeş harytlary öndürýär we alyjylara amatly bahalar bilen satýar. Bu bolsa müşderilere gymmatbahaly hem-de döwrebap harytlaryň elýeterliligini döredýär. «Koton» haryt-nyşanynyň önümleri, ilkinji nobatda, ýaş alyjylar üçin niýetlenýär. Şeýle hem bolsa harytlaryň has uly ýaşly alyjylara niýetlenip öndürilenleri-de bardyr.

Haryt-nyşanynyň çagalar üçin niýetlenilen «Koton Kids» bölegi 2016-njy ýylda döredildi. Şol ýylda «Koton Jeans’s» boýunça hem önümçilik ýola goýuldy. «Koton» zenanlar, erkekler hem-de çagalar üçin egin-eşikleriň ähli görnüşlerini ― içki geýimlerden başlap, kurtkalardyr jinslere çenli harytlary öndürýär.

«Mavi»

«Mavi» Türkiýäniň jins egin-eşiklerini öndürmekde dünýäbelli haryt-nyşanly kompaniýasydyr. Kompaniýany esaslandyryjy türk modelýeri Ersin Akarlilardyr. Bu haryt-nyşanynyň egin-eşiklerini ölçeg, reňk hem-de görnüş babatda köpdürlüligi tapawutlandyrýar. «Mavi» jins jalbarlary islendik beden gurluşy, boý uzynlygy nazara alnyp taýýarlanylýar. Bu bolsa müşderileriň daşky görnüşinde käbir ýetmezçilikleri aradan aýryp, gözegelüwlilik döredýär.

Mundan başga-da, «Mavi» haryt-nyşany şortikleriň, ýubkalaryň, zenan köýnekleriniň, ýantorbalaryň, ýokarky egin-eşikleriň dürli görnüşlerini, şeýle hem goşmaça bezeg harytlary (aksessuarlar) we jempirleridir köýnekçeleri öndürýär. «Mavi» haryt-nyşanynyň önümleri dünýäniň 35 döwletinde satylýar.

«Ramsey»

«Ramsey» nusgawy biçüwli hem-de ýokary hilli erkek egin-eşiklerini öndürýän haryt-nyşanydyr. Kompaniýanyň esasy «ýüzi» bolup, nusgawy görnüşli erkek iş kostýumlary öňe saýlanýar. Bu haryt-nyşany bilen aýratyn jalbarlar, penjekler, köýnekler, içki köýnekçeler we köýnekçeler öndürilýär.

Tikinçilik we erkek egin-eşikleriniň söwdasy boýunça türk kompaniýasy «Ramsey» geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Londanda esaslandyryldy. Ramsey haryt-nyşanynyň egin-eşikleri hakyky erkek keşbiniň nusgawylyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Köpler bu egin-eşiklerde Londona mahsus aýratynlygy görýärler. Häzirki wagtda «Ramsey» haryt-nyşanly egin-eşikleri dünýäniň 26 ýurdunda söwda dükanlary arkaly alyjylara ýetirilýär. «Ramsey» haryt-nyşany «Liwerpul» atly britan futbol ýygyndysynyň egin-eşik hemaýatkäri bolup çykyş etdi.

«Altinyildiz»

«Altinyildiz» söwda haryt-nyşany 1952-nji ýylda Türkiýede döredildi. Şunuň bilen baglylykda, ol biziň makalamyzda agzalan haryt-nyşanlarynyň iň gadymysydyr. Ol Türkiýede erkek we zenan iş kostýumlaryny öndürmekde öňdebaryjy «fast-fashion» kompaniýalarynyň hatarynda tanalýar. Häzirki wagtda «Altinyildiz» haryt-nyşanynyň nusgawy erkek iş kostýumlary, penjekleri, jalbarlary, köýnekleridir plaşlary kompaniýanyň esasy harytlary bolup öňe saýlanýar.

«Altinyildiz» haryt-nyşanynyň erkek kostýumlarynyň tapawutly aýratynlygy olaryň matalarynyň hili bilen baglydyr. Şunda kompaniýa tarapyndan çig mal hökmünde elastan bilen birlikde inçesüýümli kaşemir, moher (tüýjümek) we 100 göterim pagta garylyp ulanylýar. Kostýumlaryň ýokarky böleginiň tikiliş aýratynlygy göwräni dik hem-de ykjam görnüşe getirip, «Altinyildiz» haryt-nyşanly önümleriň özboluşly gözegelüwliligini döredýär.

Şeýle hem «Altinyildiz» haryt-nyşanly egin-eşikleri ýokary tehnologiýa esasynda taýýarlanýan, hapa götermezligi we suwa durnuklylygy bilen tapawutlanýan, şeýle hem öz-özüni arassalamak häsiýeti mahsus bolan matalardan tikilýär. Bu matalar gyzgyny sazlaýjylyk häsiýetine hem eýedir.

Ýokarda agzalan «Mavi», «Ramsey», «Colin’s» we «Koton» haryt-nyşanly egin-eşikleriň ählisini ýurdumyzdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinden satyn almak mümkinçiligi bardyr. Bu dükanlarda her bir alyjy öz ruhuna, islegine we durmuş aýratynlygyna laýyk gelýän  harytlary tapmagy başarar.

Aşgabatdaky haryt nyşanly dükanlarynyň habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Koton Women +993 61643996;

Altinyildiz +993 61644059;

Koton Kids +993 61643985;

Mavi/Colin's +993 61643987;

Ramsey +993 61614118;

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar