Soňky habarlar

Arhiw

«Real Madrid» toparynyň «Çempionlar Ligasynyň» finalyna çykmagy hakynda oýlanmalar

0
16020

Ýene-de sanlyja günden, ähli futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, şeýle-de dünýä futbolynyň esasy wakalarynyň biri bolan «Çempionlar Ligasynyň» final oýny geçiriler. Bu final oýnunda bu ýaryşyň ençeme gezek ýeňijileri bolan Ispaniýanyň  «Real Madrid» topary bilen Angliýanyň «Liwerpul» topary duşuşar.    

Ýeri gelende bellesek, bu toparlaryň milli çempionatlaryndaky oýunlaryny, şeýle-de ýaryşyň toparçalaýyn we soňra pleý-off duşuşyklaryny synlanyňda, futbol janköýerleriniň köpüsinde bu iki toparyň finala çykjagy babatda hiç hili şübhe döremedik bolsa, oýnuň muşdaklarynyň beýleki bölegini bu hakykat gaty geň galdyrdy. Esasan hem, «Real Madrid» toparynyň yzly-yzyna «PSŽ», «Çelsi», «Mançester Siti» ýaly futbol läheňlerini yzda goýup finala çykmagy akyla sygmajak zat ýaly bolup göründi. 

Futbol bilermenleri bu möwsümdäki «Real Madrid» toparyny 9 sany jany bolan, hemişe aýaklaryna düşýän jandara meňzedýärler. Bu aýdylýan zatlaryň hem manysy bar. Çünki ýokarda agzalyp geçilen, «Çempionlar Ligasyny» ýeňmegä dalaş edýän esasy toparlar bilen geçirilen duşuşyklarda «Real Madrid» topary janköýerleriniň finaldan umytlaryny üzmekleri üçin gaty köp esas döretdi. Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin ispan toparynyň bulara garşy geçiren oýunlaryny ýatlamak ýeterlikdir. 

Pleý-off duşuşyklarynyň çäklerinde toparyň ilkinji garşydaşy Fransiýanyň «PSŽ» topary boldy. «Çempionlar Ligasynyň» soňky 5 geçirilişiniň çäklerinde bu toparlar jemi dört gezek duşuşdy. Bu oýunlaryň ählisi barlyşyksyz göreşde we iki tarapdan garşydaş derwezelere jemi 14 pökginiň geçirilmegi bilen geçdi. Şunuň bilen Fransiýada geçen birinji oýunda «PSŽ» topary oýnuň iki ýarymynyň dowamynda garşydaşyndan köp derejede üstün oýnap öz ýeňişini baýram etdi. Indi bolsa Ispaniýada geçen oýny ýatlalyň, oýnuň birinji ýarymyndan soň 1:0 hasap bilen  öňdeligi eýeleýän fransuz toparynyň ýeňmegine hiç zat päsgel berip bilmejek ýalydy. Emma duşuşygyň tamamlanmagyna 30 minut galanda ispan topary diňe bir hasaby deňlemek bilen däl, eýsem bary-ýogy 3 minudyň dowamynda garşydaşyň derwezesine 2 pökgini geçirip «PSŽ» toparynyň  janköýerleriniň final babatdaky umytlaryny üzmegi başardy.

 

«Ýeri, näme bolupdyr? «Real Madrid» toparynyň oýunçylarynyň we baş tälimçisiniň diýeni şol gün şowuna boldy»  diýýäňizmi. Hawa, käwagt her kimede ykbalyň gülüp bakmasy bar, ýöne ol hemişe bolup durmaýar. Belkäm, bu aýdylanlardan baş alyp ispan topary Angliýanyň «Çelsi» toparyna garşy geçiren ikinji duşuşygynda geçen oýnuň şowlulyk däldigini subut etmäge çalyşan bolmagy çemeli. Çünki garşydaşyň meýdançasynda, onda-da «Çelsi» ýaly ezber topary 3:1 hasabynda ýeňmek, her kimiň başarjak zady däl.

Ýöne şeýle-de bolsa, ispan toparyna bu möwsümde az-kem bolsada şowlulygyň ýar bolýandygyny Ispaniýada geçirilen jogap duşuşygy görkezdi. «Çelsi» topary duşuşygyň 79-njy minudyna çenli, geçen oýunda gazanan üstünliginiň täsirinden entek çykmadyk garşydaşynyň derwezesine jogapsyz 3 pökgini geçirmek bilen iki oýunyň netijesi boýunça 4:3 hasap bilen öňe çykmaga başardy.

«Çelsi» toparyna özi üçin amatly hasaby oýun tamamlanýança saklamak bilen ýeňşini baýram edäýmek galdy. Emma ykbal şol gün «Çelsiniň» tarapynda däldi. Duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 10 minut galanda we emin tarapyndan goşulan goşmaça wagtyň 6-njy minudynda «Real Madrid» topary Rodrigonyň we Benzemanyň yhlaslary bilen geçirilen pökgileriň hasabyna soňky pursatda ýaryşyň indiki tapgyryna çykmagy başardy. Şunuň ýaly soňky minutlara çenli dartgynly ýagdaýda geçen duşuşyk indi bolmajak ýalydy. 

Emma ykbalyň öz etsem-goýsamy bar diýilşi ýaly, «Real Madrid» toparynyň meýdançada görkezen edermenlikleri bu oýunlar bilen çäklenmedi. Ispan toparyna ýarym finalda bilermenler tarapyndan 2022-nji ýylda iň güýçli topar diýip agzalýan Angliýanyň Premýer Ligasynyň ýene bir wekili, tanymal Hosep Gwardiolanyň tälimçilik edýän «Mançester Siti» topary garşydaş boldy. Eýýäm bäş möwsümiň dowamynda bu ýaryşyň ýeňijisi bolmaga çalyşýan, emma haýsydyr bir sebäplere görä munuň hötdesinden gelip bilmeýän iňlis topary, indi altynjy gezek berilýän şunuň ýaly mümkinçiligi elden gidirmejek ýalydy. Munuň şeýledigini eýýäm Angliýada geçen duşuşyk görkezdi. 

Duşuşygyň, eýýäm 11-nji minudyna çenli garşydaşynyň derwezesine 2 pökgini geçirmegi başaran «Mançester Siti» topary garşydaşyna «Çempionlar Ligasynyň» kubogyny ýokary götermek babatyndaky arzyny beýan etdi. Emma «Real Madrid» hem bu oýunda öz garşydaşyna aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna ýol bermedi. Her nämede bolsa, çekeleşikli geçen ikinji ýarymyň dowamynda ispan topary erjellik görkezip geçiren pökgileriniň hasabyna garşydaşynyň yzyndan az-kem ýetmegi başardy we ahyr soňy 4:3 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. 

Elbetde bu hasap «Real Madrid» toparyny kanagatlandyran bolmagy çemeli, çünki oýnuň dowamynda «Mançester Siti» ýaly hiç haçan hüşgärligi elden bermeýän topardan iki pökgi tapawut bilen ýeňlip gelýän mahalyň belkide bimöçber şowlulygyň ýa-da toparyň oýunçylarynyň garadan gaýtmazlygynyň netijesinde aratapawudy özüňe amatly bolan ýagdaýa getirmek göräýmäge durmuşy ýagdaý däl-de, soňy mydama, gowulyk bilen gutarýan kinofilmiň ssenariýasy ýalydy. Emma şol gün meýdançada bolup geçen oýun kinofilm däl-de, hakykatdy. Ýöne eýýäm ikinji duşuşyk bu tankytlama hakyndaky köp janköýerleriň we futbol bilermenleriniň pikirini üýtgetdi. 

Neneňsi, meýdançada bolup geçýän wakalaryň düýş ýa-da ertekidigine ynanmajak haçanda ispan toparyna duşuşygyň 90-njy minudyna çenli «Mançester Sitiden» ýeňilip, bary-ýogy 2 minudyň dowamynda garşydaşyň derwezesine iki pökgini geçirip, soňam goşmaça berlen wagtyň dowamynda finalyň ykbalyny öz hasabyna çözmek başardan bolsa. Eýsem, soňky netijede munuň nädip şeýle bolýandygyny kim düşündirip biler? 

Belki, Realyň ýeňişleri ýöne bir şowlulyk däl, eýsem “Oýun - soňky minuda çenli dowam edýär” diýen ýörelgä eýerýän toparyň düzümindäki Benzema, Modriç ýaly tejribeli, hem-de öňünde uly maksatlary goýýan Rodrigo, Winisius ýaly zehinli futbolçylaryň şeýle-de tanymal tälimçi Karlo Ançellotiniň saýlap alan taktikasynyň miwesidir. Hawa, bu soraga bada-bat jogap tapmak gaty kyn mesele bolup durýar. Emma bir zat bolsa aýan, toparyň bu möwsümdäki «Çempionlar Ligasynyň» täjini almak ugrundaky geçen ýoly, entek-entek janköýerleriň hakydasyndan çykmasa gerek. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar