Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mançester siti – Atletiko: garşydaş filosofiýalaryň duşuşygy

0
10123

Megerem, Çempionlar ligasynyň 1/4 final duşuşyklarynyň içinden, “Final oýunlaryň esasy duşuşygy” diýip birini aýratyn öňe çykarmagyň manysy ýok bolsa gerek. Çünki bu tapgyrda oýnamaga hukuk gazanan toparlaryň arasynda tötänleýin ýa-da has dogrusy bimöçber şowlulygyň netijesinde finala çykan toparlara ýer bolmaýar. 

Emma şeýle-de bolsa, Mançester siti – Atletiko ýazgysynyň diňe özüni göreniňde hem bu duşuşyga tapgyryň adaty oýny diýmäge hem diliň baranok. Bu ýagdaý, diňe bir duşuşyga Ýewropanyň iň ezber toparlarynyň wekilleriniň gatnaşýanlygy bilen däl, eýsem başga bir tarapdan dünýäniň iň belli we futbol taktikasy boýunça tanymal tälimçileriniň çaknyşygy bilen hem baglanyşyklydyr. 

Bu iki tälimçiniň ikisiniň hem ýyllara uzaýan tejribesiniň netijesinde emele gelen hususy futbol filosofiýasy bar. Bu duşuşyk hem şol filosofiýalaryň durmuşa geçirilşini aýdyň şöhlelendirýän nusgalyk oýun boldy.

Futbol janköýerleriniň arasynda Atletiko topary «Ýewropanyň goragda iň köp oýnaýan topary» diýen pikir ýöretme bilen ylalaşýanlaryň sany köp bolsa gerek. Diego Semione Atletikonyň tälimçisi bolmagynyň dowamynda garşydaşyň hüjümlerinden netijeli goranmaga hem-de pursat peýda bolanda bada-bat garşylykly hüjüme geçmegiň mizemez filosofiýasyny döretdi. Mançester siti topary bilen geçen duşuşykda hem ol bu taktikasyndan daşlaşmady. Toparyň esasy düzüminde iki sany hüjümçiniň oýna çykmagy belki-de garşydaşyň gözüni gamaşdyrmak maksady bilen edilen bolmaly. Çünki Atletiko duşuşygyň esasy bölegini goragda oýnady. 

Diego Semioniden tapawutlylykda Hosep Gwardiolanyň öz futbol filosofiýasy bar. Bu filosofiýa garşydaş topara basgyn edip hüjüm etmek bilen çäklenmeýär.  Onuň has giň çäkleri ýa-da başgaça aýdanymyzda has giň gerimleri bar. Bu aýdylanlara, Atletiko bilen duşuşykdan öň tälimçiniň aýdan sözleri hem güwä geçýär: «Çempionlar ligasynda men hemişe taktika düzmekde öte geçýärin. Hut şonuň üçin hem meniň gowy netijelerim bar. Men öte geçmegi we bolgusyz taktikalary oýlap tapmagy halaýaryn.  Duşuşykdan öň maňa ylham gelýär, akyla sygmajak pikir oýanýar. Biz meýdança 12 oýunçy bilen çykarys». Belki-de bu 12-nji oýunçy meýdançanyň içindäki däl-de onuň daşyndaky Gwardiolanyň özi bolmagy çemeli. 

Her näme-de bolsa Mançester-sitiniň oýunçylary duşuşygyň dowamynyň 75 göterimini topa eýeçilik etdiler emma şonda-da duşuşygyň birinji ýarymynda  goranýan garşydaşyň derwezesinden pökgi geçirip bilmediler. Oýnuň ýagdaýy ikinji  ýarymda, iki toparyň düzüminde oýunçylaryň çalşyrylmagy bilen üýtgedi. Atletiko duşuşygyň ikinji ýarymynyň başynda garşylyklaýyn hüjümleri geçirip başlady we Edersonyň, Grizmanyň we biraz soňrak Lýorenteniň yhlaslary bilen pökgi geçirmäge käbir mümkinçilikleri döretdi.  

Emma ahyrky nokady oýnuň 68-nji minudynda oýna giren Mançester-sitiniň oýunçysy Fil Foden goýdy, ol amatly ýagdaýdan peýdalanyp topardaşy De Breýnä pökgini geçirip oýnuň hasabynyň açylmagyna uly goşant goşdy. Hasap duşuşyk tamamlanýança üýtgemedi. Mançester-siti futbol topary Atletiko futbol toparyny 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Emma duşuşygyň hasaby jogap duşuşygyndan öň Mançester-siti üçin käbir artykmaçlyklary berýän hem bolsa, entek ýeňijiniň kim boljakdygyna hiç-hili ynam döretmeýär. Ahyrky netijede, iki tälimçiniň ýöredýän filosofiýalarynyň haýsysynyň üstün çykjagy diňe jogap duşugynda belli bolar. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar