Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Duralga» ykjam goşundysynyň mümkinçilikleri

0
39738

Golaýda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň «Duralga» ykjam goşundysynyň döredilendigi barada habar berlipdi.

«Duralga» ykjam goşundysy şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslarynyň zerur bolan ugurlaryny tapmagy görnetin ýeňilleşdirmek bilen, şäheriň bir ýerinden başga ýerine barmakda amatly ugry saýlamaga ýardam edýär.

Goşundyny işe girizmek üçin internet toruna birikmek we GPS ulgamynyň bolmagy zerurdyr. Programma işledilende nawigasiýa ulgamynyň kömegi bilen Aşgabat şäheriniň kartasynda öz häzirki wagtda ýerleşýän ýeriňi görmek bolýar. Şonuň bilen hem kartada şäheriň ähli ýerlerindäki duralgalar bellik esasynda görkezilýär.

Awtobuslaryň ähli duralgalarynyň atlary bilen görkezilen sanawyny görmek üçin smartfonuň çep tarapynyň ýokary bölegindäki «Menýu» düwmesine basyp, açylýan sanawdan «Duralgalar» diýen bölümi saýlamaly.

Özüňize gerek bolan duralganyň adyny saýlamak bilen, onuň şäheriň niresinde ýerleşýändigini, şeýle hem gitmeli ýeriňize haýsy awtobuslaryň barýandygyny bilmek bolýar.

Eger «Menýu» bölümindäki «Ugurlar» diýen bölümçä girseňiz şäheriçi awtobuslaryň häzirki wagtdaky (iň soňky täzlenen maglumatlara laýyklykda) gatnaw ugurlarynyň doly sanawyny görüp bilersiňiz. Awtobuslaryň gatnaw ugurlarynyň anyk shemasy bilen özüňize gerek bolan gatnaw belgisini saýlap tanşyp bolýar. Ulanyjylara has düşnükli bolmagy üçin duralgalar boýunça gurulýan gatnaw iki hili: barýan ugry gök, yzyna gaýdyp gelýän ugry bolsa ýaşyl reňk bilen görkezilýär.

Mundan başga-da, «Gözleg» düwmesi kartadan gerek bolan duralgany tapmaga  we oňa haýsy awtobuslar bilen barylýandygyny bilmäge ýardam edýär. Duralganyň adyny kartadaky belgisiniň üstüne basyp anyklap bilersiňiz.

«Duralga» goşundysynyň menýusynda ýerleşdirilen «Täzelikler» bölüminden Türkmenistanda bolup geçýän wakalar we täzelikler bilen tanşyp, şeýle-de ulag ulgamyndaky özgertmeler, jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawyna girizilýän üýtgetmeler bilen dessin tanyşmak mümkindir.

Awtobuslaryň we duralgalaryň maglumatlary goşundyda yzygiderli üpjün edilýär hem-de täzelenip durulýar. Goşundyny türkmen, rus we iňlis dillerinde ulanyp bolýar.

«Duralga» ykjam goşundysyny işläp taýýarlaýjylar programmanyň wezipe aýratynlyklarynyň has-da özgerdiljekdigini belleýärler.

 

Ýükläp alyň:
Android üçin
iOS üçin

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar