Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun indiki möwsümde haýsy toparda çykyş eder?

0
13547

Türkmen futbol janköýerleriniň içinde Russiýanyň Premýer ligasynda çykyş edýän Serdar Azmuny tanamaýan ýok bolsa gerek. Serdar Azmun häzirki wagtda Russiýanyň Premýer Ligasynyň parlak ýyldyzlarynyň biri bolmak bilen, soňky wagtlarda transfer täzelikleriniň hem ilkinji hatarlarynda durýar. Bu ýagdaý ilkinji nobatda Sankt-Peterburgyň «Zenidi» bilen oýunçynyň arasyndaky şertnamanyň möhlediniň dolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Geçen möwsümde daşary ýurt oýunçylaryň içinde çempionadyň taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy bolmagy başaran ezber futbolçyny düzüminde görmek isleýänleriň hatarynda daşary ýurt metbugat serişdeleriniň habar bermegine görä Italiýanyň «Ýuwentusy», Fransiýanyň «Liony» ýa-da Angliýanyň «Nýukasly» ýaly Ýewropa çempionatlarynyň  futbol toparlary bar. «Sky Sport Italianyň» nygtamagyna görä, Azmun Ýuwentus topary tarapyndan ileri tutulýan oýunçylaryň biri bolup durýar. Çeşmäniň habaryna görä, hüjümçini toparyň düzüminde onuň baş tälimçisi Massimiliano Allegri görmek isleýär. 

Şol bir wagtyň özünde-de Sank-Peterburgyň «Zenidiniň» hem öz ýyldyzyny goýberesi gelip duranok, çünki Peterburgyň futbol topary Ýewropa ligasynyň 1/16 final oýunlaryny ýeňmekde Azmunyň kömegine bil baglaýar. Şol duşuşykda «Zenit» Ispaniýanyň çempionadynda çykyş edýän «Betis» topary bilen ýüzbe-ýüz bolar. Şeýle-de topar içerki çempionatda altyn medallary gazanmak boýunça toparyň öňünde goýlan esasy wezipesini hem çözmelidir. «Zenidiň» ýolbaşçylary we onuň baş tälimçisi Sergeý Semak häzirki wagtda Azmunyň esasy düzümiň aýrylmaz oýunçysydygyny aç-açan aýdýarlar.

Ýakynda Azmunyň öz geljegi baradaky pikiri belli boldy. Ony Russiýanyň «Matç TW» teleýaýlymynda göni efirde toparyň baş tälimçisi Sergeý Semak beýan etdi. Tälimçiniň aýtmagyna görä, Serdar möwsümi «Zenitde» tamamlamak, soň bolsa tomusda erkin agent hökmünde başga bir topara geçmek isleýär.  

Eger Serdar Azmun indiki möwsümde täze topara geçse, onda «Zenidiň» öňünde onuň ýerini tutup biljek täze hüjümçini tapmak zerurlygy döreýär. Her nämede bolsa, ýene-de 6 aýdan oýunçy bilen toparyň arasyndaky şertnamanyň möhledi dolýar. Bu möhlede çenli bolsa «Zenit» elbetde oýunçyny toparda alyp galmak üçin tagalla baryny eder. Soňky netijede, öz futbol durmuşyny haýsy toparda  dowam etdirjegi baradaky karary Serdaryň özi almaly bolar. Elektron habar beriş serişdeleriň ýazmagyna görä toparlaryň arasynda gepleşikler dowam edýär, biz janköýerlere bolsa diňe garaşaýmak galýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar