Katar dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär

0
37865

Her dört ýyldan geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionaty bu ýyl Katar döwletinde bolar. Taryhda ilkinji gezek ýakyn gündogarda geçirilýän nobatdaky 22-nji uly futbol baýramy 2022-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda dünýäniň köp sanly sport hünärmenlerini we janköýerleri Kataryň futbol meýdançalarynda jemlär. Bu çempionata eýýäm köp ýyllar bäri giňden taýýarlyk görülýär.

Nobatdaky dünýä çempionatynyň özboluşlylygy onuň ilkinji gezek güýz-gyş aýlarynda geçirilýänligidir. Şeýle hem bu çempionata baryp tomaşa etjek janköýerler bir günüň dowamynda iki futbol duşuşygyna gatnaşyp bilerler. Sebäbi futbol duşuşyklarynyň geçjek meýdançalarynyň aralygy uzak bolanda 75 kilometre barabardyr.

Duşuşyklar ýurduň 5 şäherinde (Doha, Al-Hore, Lusaile, Al-Raýane, Al-Wakre) we olardaky 8 sany futbol meýdançasynda («Halife», «Al-Janube», «Al-Baýte», «Edukeýşn Siti», «Ahmad bin Ali», «Al-Tumame», «974» we «Lusaile» stadionlary) bolar. TASS habarlar gullugy häzirki wagtda bu stadionlaryň ählisiniň gurluşygynyň tamamlanandygy we olarda eýýämden futbol oýunlarynyň geçirilýändigi barada sahypalarynda beýan edýär.

«Katar-2022» futbol çempionatynyň ýene bir haýran galdyryjy aýratynlygy barada bellenilende, çempionat tamamlanandan soň, müňlerçe janköýerlere niýetlenen stadionlaryň ýer tutup durmazlygy üçin olaryň käbiri göçme konteýnerler esasynda gurulýar. Olaryň tribunalarynda bolsa, adaty stadionlardan tapawutlylykda ýörite temperaturany sazlaýjy howa enjamlary oturdyldy.

Halkara futbol federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň Zürihde geçirilen maslahatda yglan eden kararyna laýyklykda, futbol boýunça nobatdaky dünýä birinjiligi 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar