Häzirki wagtda islendik sowgadyň gözelligini artdyrýan zat owadan görnüşde gaplanylmagydyr. Ol açyk reňkde, kartondan, kagyzdan ýa-da plastmassadan bolup biler. Emma onuň nähilidigine garamazdan, gaplanylan sowgat hökmany suratda baýramçylyk ruhuny döredýär.
Gadymy döwürlerde we orta asyrlarda adamlar sowgat gaplamak üçin, adatça, tebigy materiallary ulanypdyrlar. Munuň üçin olar giň ýapraklardan, boş kädi gabyklaryndan, örülen sebetlerden, haýwan derilerinden, soňlugy bilen bolsa sandyklardan, çeleklerden we agaçdan, aýnadan we keramikadan ýasalan gutulardan, metal önümlerinden, kagyz we ýüpek matalardan peýdalanypdyrlar. Eýýäm XX asyrda bu işde plastmassa we polietilen giňden ulanylyp başlanypdyr. Emma, bu zatlaryň hemmesi ýörite sowgatlyk gaplary hökmünde ýasalman, eýsem islendik ýagdaýlarda ulanylypdyr.
Owadan kiçi gutujyklarda sowgat taýýarlamak pikiri italýanlara degişlidir. Olary ilki başda süýji görnüşinde sowgat üçin ýasapdyrlar. Şeýle gutulara bonbonýerka (fransuzçada - süýji) diýilýär. Soňra bu pikir mahmal we ýüpek bilen bezelen owadan gutulara önümlerini gaplamak mümkinçiligine aýratyn ähmiýet beren zergärleriň işlerinde giňden ýaýrady. XIX asyrda sowgat gutularyny öndüriji özboluşly hünär peýda boldy.
Gutular kartondan elde ýasalyp, esasan-da ýumurtga ýa-da tegelek görnüşde bolupdyr. Karton gaplaryň müşderileri, adatça konditer önümlerini öndürijiler, zergärler, şeýle hem taýýar egin-eşik dükanlarynyň eýeleri we dermanhanaçylar bolupdyr. Tehnikanyň ösmegi bilen inedördül we göniburç şekilde eplenip, bezeg kagyzlary çap edilen ýa-da ýelmenen karton gutularynyň önümçiligi ýola goýuldy.
Sowgatlaryň gaplanylmagynda ilki bilen onuň göwrümine laýyk gap taýýarlamakdan ugur alynýar, ýagny gap sowgadyň göwrüminden gaty uly bolmaly däldir (eger dostlukly degişme üçin kiçijik sowgadyň uly guta gaplanylmagy ýaly ýagdaýlar bolmasa). Erkekler üçin niýetlenen sowgatlar gaplananda, adatça has laýyk bezeg we reňk sazlaşygy saýlanylýar, muňa garanyňda aýallar ýa-da çagalar üçin sowgat ýasalanda bolsa özboluşly bezeg aýratynlyklary köpdür.
Häzirki wagtda sowgat gaplary polimerlerden (plastmassa, giňeldilen polistirol ýa-da polietilen) ýa-da kartondan, köplenç bolsa metaldan ýasalýar. Dürli reňkdäki öwüşginli ýalpyldawuk polimer plýonkalary hatda iň sada sowgada-da ajaýyp görnüş berýär. Owadan kartonlar ýa-da gutular geljekde gap hökmünde ulanylyp bilner, üstesine-de olar sowgadyň ýa-da sowgat berijiniň ýatda galmagyna täsir edýär.
Türkmenistanda polistirol önümlerinden ýokary hilli gaplamalary ýasamak işi “Ak Hünji” hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar. Penoplastdan taýýarlanan dürli görnüşli formalary güller, süýjüler, hatda şarlar, umuman islendik ýerlikli zatlar bilen dolduryp bolýar. Bu formalar islendik görnüşde – tegelek, inedördül, gül, ýürek, täç şekilinde hem-de san ýa-da söz ýazgylary görnüşinde bolup biler. Bularyň ählisi müşderiniň isleglerine we gyzyklanmasyna baglydyr. Göwrümi bolsa onda ulanyljak zatlara baglylykda üýtgäp biler. Ýadygärlik sowgatlary bezemek üçin şeýle görnüşler özboluşly bezegi emele getirip, baýramçylyk şatlygyna kybap gelýär.
“Ak Hünji” hojalyk jemgyýeti eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri penopolistiroldan ýylylyk izolýasiýa we bezeg gurluşyk materiallaryny (EPS), şol sanda sendwiç panellerini öndürmek bilen meşgullanýar. Kärhana taýýar önümlerini, önümçilikde ulanylýan çig mallaryny yzygiderli tanyşdyrmak bilen sergilere işjeň gatnaşýar.
Öndürýän önümleriniň hiline laýyklykda, “Ak Hünji” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda gurluşyk materiallarynyň içerki bazarynda mynasyp orny eýeleýär.
Şeýle-de okaň:
Wideo: