Top.Mail.Ru

Arhiw

Sendwiç panelleri ― gurluşyk çykdajylaryny azaltmagyň açary

0
32188

Sendwiç panelleri senagat, täjirçilik we hojalyk meselelerini çözmekde möhüm gurluşyk materialydyr. Bulardan başga-da sendwiç panelleri oňyn oýlap tapyş hem-de innowasion gurluşyk serişdesi hasaplanylýar. Olar bu ugurdaky birnäçe materiallardan arzanlygy hem-de funksionallygy bilen tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda materialyň bellenilen galyňlygyna, ölçegine we daşky bölekleriniň bezegine görä dürli görnüşlerini satyn almak bolýar. 

Material daşky görnüşi boýunça içi dykyzlaýjy bilen üpjün edilen kassetany ýada salýar. Birnäçe metal gatlaklaryň we dykyzlaýjynyň hasabyna bu material binany sesden goramakda hem-de gyzgynlygy saklamakda ýokary görkezijä eýedir. Üçgatlaklaýyn gurluş birnäçe temperatura täsirlerine durnuklylygy we mümkin bolan mehaniki zeper ýetirmelerden goraglylygy emele getirýär.

Gurluşyk materialy funksional niýetlenilişi boýunça şeýle tapawutlanýar:

  • diwarlyk;
  • üçeklik.

Sendwiç panelleriň galyňlygy 50 ― 250 mm aralygyndadyr. Gerek bolan görnüş saýlanylanda şular göz öňünde tutulmalydyr:

  • binanyň haýsy böleginde ulanylýandygyny;
  • sebitiň klimat aýratynlyklaryny.

Paneller görnüşi boýunça bölünýärler:

  • göni (esasy binýatlyk);
  • burçlaýyn, olar arkaly jaýyň burç bölegini döredip bolýar.

Şeýle hem burçlaýyn materialyň şu görnüşleri bar:

  • taraplary birmeňzeş ölçegli;
  • taraplary dürli ölçegli.

Mary şäherinde ýerleşýän «Ak hünji» hojalyk jemgyýetinde sendwiç panelleriniň, şeýle hem penopolistiroldan (EPS) ýylylyk geçirmeýän we bezeg maksatly gurluşyk materiallarynynyň önümçilik işleri ýola goýuldy. Türkmenistanda gurluşyk materiallaryny öndüriji öňdebaryjy «Ak hünji» hojalyk jemgyýetinde sendwiç panelleriniň önümçiliginde döwrebap we ýokary hilli tehnologiýalar ulanylýar. 

Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bu panelleriň ilat arasynda uly islege mynasyp bolmagynyň sebäbini olaryň üçek hem-de diwar gurluşygynda ulanmak üçin bahasynyň arzanlygy, tiz timarlamak mümkinçiligine eýeligi, ýokary hilli ýylylyk geçirmeýän häsiýetliligi bilen düşündirýärler. Paneliň galyňlygy bina edilýän desgada ýylylyk geçirmezlik üçin zerur bolan talaplara laýyk getirilýär.

Şeýle hem sendwiç panelleriniň agramynyň ýeňilliginiň hasabyna desganyň esasy binýadyna düşýän agram azalýar. Bu bolsa öz gezeginde desgany dikeltmek we gurmak üçin çykdajylary azaldýar.  

Sendwiç panelleri dürli göwrümli sowadyjylaryň we doňduryjylaryň, ammar toplumlarynyň, senagat desgalarynyň, söwda merkezleriniň, sport desgalarynyň, metal karkas esasynda gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşygynda ulanylýar.

«Ak hünji» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň içerki bazarynda gurluşyk materiallaryny ilata hödürlemekde mynasyp orny eýeleýär.  Bu bolsa hojalyk jemgyýetiniň bu ugurda toplan tejribesinden hem-de ilat arasynda uly ynam gazanandygyndan habar berýär. 
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar