TÜRKMENISTANDA KOREÝA HALK DEMOKRATRIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI IŞLÄP BAŞLADY

0
522
TÜRKMENISTANDA KOREÝA HALK DEMOKRATRIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI IŞLÄP BAŞLADY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kim Hen Çžundan ynanç hatyny kabul etdi.

  Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan jenap Kim Hen Çžuny ýurdumyzda diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. KHDR-iň doly ygtyýarly wekili mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna iberen salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen halky bu gün Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Duşuşygyň barşynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän durmuş ugurly içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda—iri halkara we abraýly sebit guramalarynyň ugry boýunça dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Kanunçykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek maksadynda türkmen parlamentiniň işlerine aýratyn üns berildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmanyň we taýýarlygyň bardygy tassyklanyldy. Jenap Kim Hen Çžun iki döwletiň eýe bolan mümkinçiliklerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň we KHDR-iň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge goşant goşmaga çalyşjakdygyny aýtdy. Şol gün Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kim Hen Çžundan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan jenap Kim Hen Çžuny ýurdumyzda diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. KHDR-iň doly ygtyýarly wekili mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna iberen salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen halky bu gün Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Duşuşygyň barşynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän durmuş ugurly içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda—iri halkara we abraýly sebit guramalarynyň ugry boýunça dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Kanunçykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek maksadynda türkmen parlamentiniň işlerine aýratyn üns berildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmanyň we taýýarlygyň bardygy tassyklanyldy. Jenap Kim Hen Çžun iki döwletiň eýe bolan mümkinçiliklerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň we KHDR-iň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge goşant goşmaga çalyşjakdygyny aýtdy. Şol gün Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň