Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine baran Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Bilelikdäki duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly salamlaryny we özbek halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyň, ylalaşygyň we durnukly ösüşiň sebitine öwrülendigi bellenildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň we dürli derejedäki beýleki duşuşyklaryň, çäreleriň sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýändigi nygtaldy.
Şeýle hem iki ýurdy we halky has ýakynlaşdyrmagyň, bilelikdäki başlangyçlary we hyzmatdaşlyk taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň, sebitara we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda parlament derejesinde gepleşikleri güýçlendirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmen tarapy türkmen we özbek halklaryny gadymyýetden gelýän taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyny, häzirki wagtda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan bu gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.
Iki ýurduň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklaryň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam berýändigi nygtaldy.