Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4-nji aprelde “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara foruma gatnaşdy. “Silk Road Samarkand” toplumynyň Kongres merkezinde guralýan iki günlük forum ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri babatda dünýä ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi diýip, TDH habar berýär.
Forumyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem çykyş edip, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde hemişe aýratyn orny eýeleýändigini belledi. Döwlet Baştutany 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylarynyň 11 göterim azalandygyny aýtdy.
"2023-nji ýylda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça topar döredildi. Şol ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygy resmi taýdan yglan edildi. Hökümet howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň “Ýol kartasyny” kabul etdi. Netijede, diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy. Bu bolsa meýilnamada bellenen derejeden ýokarydyr" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan howa gün tertibiniň meseleleri babatda Ýewropa Bileleşigini geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar. Ýurduň esasy halkara konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna hem-de Pariž ylalaşygyna bilelikde ygrarlylygy şeýle hyzmatdaşlyga esas bolup durýar.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygyny belledi. Bu başlangyçlar hemmelere mälim bolup, sebit we ählumumy häsiýete eýedir. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek we ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek maksatnamasyny taýýarlamagy görkezmek bolar. Olary durmuşa ornaşdyrmakda Ýewropa Bileleşiginiň goldawyna bil baglanýar.
"ÝB bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary energetika, senagat, ulag, ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş üpjünçiligi bilen bagly beýleki wajyp ugurlarynda «ýaşyl» geçişi öz içine alýar. Ýewropa Bileleşigini bu babatda bilelikde düýpli we uzak möhletleýin işlemäge çagyrýarys. «Ýaşyl» geçiş boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmegi teklip edip, ony sammitimiziň aýratyn iş ugry hökmünde görkezmegi hem-de ýakyn geljek üçin özara gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýarys" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite anna güni Samarkantda geçirildi. Onuň çäklerinde “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara forumyň hem açylyş dabarasy boldy. Foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy bilermenleri, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet işgärleri we Hökümet agzalary, halkara guramalaryň, iri maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Belent mertebeli myhmanlaryň hatarynda Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarlary we beýlekiler bar.