Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Gaýa Gurluşyk» «Kent» boýaglaryny hödürleýär

10:4205.04.2025
0
19878

«Ak Gaýa Gurluşyk» kompaniýasy «Kent» lak-boýag önümleriniň brendini hödürleýär. Öndüriji gurşawyň içki we daşky bezegi üçin giňişleýin çözgütleri ýetirýär.

«Kentiň» assortimentine dürli ýerler we gurşawlar üçin döredilen boýaglaryň köpdürli görnüşleri girýär:

• diwarlar üçin interýer boýagy
• fasad boýagy
• potolok boýagy
• fasadlar üçin faktura boýagy
• beton üçin boýag-gruntowka
• suw esasly gruntowka

«Ak Gaýa Gurluşygyň» hünärmenleriniň belleýşi ýaly, «Kent» boýaglary ap-aklygy, pozulmaga we solmaga garşy aýratynlyklary, bug geçirijiligi ýaly ýokary tehniki aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Esasy aýratynlyklarynyň biri-de, müşderiniň islegine görä islendik reňke laýyk reňklemek mümkinçiligidir. Mundan başga-da, boýagyň her görnüşi, onuň ulanylyşynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup işlenip düzülýär. Bu bolsa kesgitlenen işler üçin material saýlamagy ep-esli aňsatlaşdyrýar.

«Kent» önümleri tygşytly sarp edilýändigi we ulanmak üçin aňsatlygy bilen häsiýetlendirilýär. Munuň özi bu boýaglary professional gurluşykçylar bilen birlikde, şahsy maksatlary üçin ulanyjylar üçinem amatly önüme öwürýär.

«Kent» boýaglaryny «Ak Gaýa Gurluşyk» kompaniýasynyň şu aşakdaky salgyda ýerleşýän söwda nokadyndan satyn alyp bilersiňiz: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (Obýezdnoý), 40-njy jaý, «Ak Gaýa» binasy.

Telefon belgileri: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň