Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aýallar erkeklerden gowy eşidýärler

17:1003.04.2025
0
16975
Aýallar erkeklerden gowy eşidýärler
Surat: Shliah.by

Beýik Britaniýadan bolan alymlar zenanlaryň eşidişiniň erkekleriňkiden iki desibel duýgurdygyny anykladylar. Ylmy barlagyň jemleri «Scientific Reports» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Munuň üçin alymlaryň halkara topary Ekwadoryň, Angliýanyň, Gabonyň, GAR-yň we Özbegistanyň ýaşaýjylaryny goşmak bilen, 13 çäkde ýaşaýan 450 adamyň eşidiş barlaglaryny geçirdiler. Hünärmenler içki eşidiş perdesiniň signallary beýnä näderejede takyk ýetirýändigini hem-de dürli ýygylykdaky we yzygiderlilikdäki ses yrgyldylaryna jogap berşini barladylar.

Alnan netijeler eşidişe ýaşa garanyňda, jynsyň has täsir edýändigini görkezdi. Ylmy işiň awtorlarynyň biri Bat uniwersitetinden professor Turi King zenanlaryň erkeklere garanyňda, seslere has ýiti duýgurdygyny belleýär. Munuň sebäbi zenanlarda içki gulak perdesiniň owunjak anatomik aýratynlyklary ýa-da çaganyň ene garnynda ösüşi wagtynda gormonal täsiriň aratapawudy bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.

Daşky gurşaw hem munda az orun eýelänok. Mysal üçin, tokaýlyk ýerlerde ýaşaýanlar has oňat eşidişe eýe, emma daglyk etraplarda ýaşaýanlaryň eşidişi biraz pesräk. Şäherlikler, öz nobatynda, ýokary ýygylykdaky sesleri eşitmäge ukyply, munuň sebäbi pes ýygylykdaky ulag gohuny saýhallaşdyrmak bilen bagly bolmagy mümkin diýip alymlar çaklaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň