ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp emeli aňyň (EA) mümkinçilikleriniň özüni biraz gorkuzýandygyny aýtdy. Ol şeýle-de milliarder Ilon Maskyň hiç wagt özünden hiç zat haýyş etmändigini gürrüň berdi.
«Bu (emeli aň) birneme gorkuzman hem duranok. Bu rewolýusiýa, pullular oňa gatnaşýarlar. Olaryň hemmesi EA girmek isleýärler. Haçanda onuň nämeleri başarýandygyny göreniňde, haýran galýarsyň. Bu diýseň aňk ediji, emma biraz gorkuzmanam duranok» diýip, Tramp «Newsmax» teleýaýlymyna beren interwýusynda gürrüň berdi.
Ol şeýle-de Masky ýurduň bähbidine zähmet çekýän watançy diýip häsiýetlendirdi. «Ol hiç wagt menden hiç zat haýyş etmedi. Emma onuň şeýle etmäge doly hukugy bar diýip, pikir edýärin. Bu meniň onuň haýyşyny bitirjekdigimi aňlatmaýar. Mysal üçin, men ýap-ýaňy elektrik ulaglaryny ulanmak barada talaby ýatyrdym. Ol ýanyma gelip: «Siz maňa ýardam edip bilmezmisiňiz? Beýtmäň» diýmedi. Siz bilýänsiňiz, ol ak ýürekli adam. Biz milliardlarça dollarlyk kezzaplyklaryň üstüni açýarys» diýip, Tramp aýtdy.
20-nji ýanwarda kasam kabul edenden soňra Prezident Tramp işewür Masky Hökümetiň işiniň täsirliligini ýokarlandyrmak boýuça täze edara ýolbaşçy belledi. Bu edara dessine býujetiň çykdajylarynyň giňişleýin barlagyny geçirdi. Mask ýurduň döwlet çykdajylaryny 2 trln dollara çenli kemeltmek isleýär.