Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Maksatly Türkmen» ofisler üçin taplanan aýnadan ýasalan aralyk diwarlary hödürleýär

15:1931.01.2025
0
21487

«Maksatly Türkmen» kompaniýasy häzirki zaman ofisini döretmek üçin ajaýyp çözgüdi — ofisleriň taplanan aýnadan taýýarlanylan araçäklik diwarlaryny hödürleýär.

Indi her bir müşderi gurşawyň aýratynlyklaryna we korporatiw stiline laýyk gelýän dizaýnly aralyk diwaryny sargyt edip biler. «Maksatly Türkmeniň» hünärmenleri taslama işini onuň daşky görnüşinden başlap, berkligi we howpsuzlygy ýaly talaplaryna çenli müşderiniň ähli isleglerini göz öňünde tutup işläp taýýarlaýarlar.

Önümçilikde diňe ýokary hilli furnituralardan peýdalanylýar. Bu bolsa gurnalýan aralyk diwarlarynyň ygtybarlylygyny we berkligini kepillendirýär.

Taplanan aýnadan ýasalýan ofis aralyk diwarlary — bu diňe bir giňişligi bölmek üçin ajaýyp çözgüt hem bolman, eýsem ofisdäki rahatlygyň we ses izolýasiýasynyň derejesini ýokarlandyrýan köptaraply elementdir.

«Maksatly Türkmen» dürli gurluşyk gurnamalaryny öndürmekde we taýýar etmekde uly tejribä eýedir. Kompaniýa iş alyp baran ýyllarynda özüni plastik we alýumin penjireleri hem-de gapylary ygtybarly üpjün ediji hökmünde tanatdy. Kompaniýanyň portfoliosy ofis binalarynda we hususy jaýlarda netijeli ulanylýan içerki bezegler we fasad gurluşlary üçin dürli çözgütleri hem öz içine alýar.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň