Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

14:5314.04.2025
0
17181

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge uly üns berýär. Häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär.

Parlamentara hyzmatdaşlygy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy, düşünişmegi berkitmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti parlamentara gatnaşyklaryny berkitmekde Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işini aýratyn belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň