Aşgabatda Liwiýanyň garaşsyzlyk gününiň 73 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy. Oňa Liwiýanyň ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mahmud Abdulaziz Hasan hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow, diplomatik wekilhanalaryň hem-de işewürlik gurşawynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mahmud Abdulaziz Hasanyň belleýşi ýaly, 2024-nji ýylda Liwiýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasy Liwiýanyň Ministrler geňeşiniň 2023-nji ýyldaky 74 belgili kararyna laýyklykda, ilçihana derejesini aldy. Munuň özi Liwiýanyň Hökümetiniň Türkmenistan we beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Çykyşda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlaly bäri ilkinji gezek liwiýaly sazanda Hişam Arrişiň Türkmenistana gelendigi hem-de onuň M.Kulyýew adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapaklaryny geçirendigi, «Türkmenistan» kinokonsert zalynda konsert berendigi nygtaldy. Mahmud Abdulaziz Hasan liwiýaly artistleriň ýakyn wagtda Türkmenistana boljak saparlary we olaryň gatnaşmagynda guraljak medeni çäreler barada durup geçmek bilen, medeni diplomatiýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle-de diplomat Liwiýanyň bazarlarynda türkmen harytlarynyň peýda bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow iki ýurduň arasynda energetika, oba hojalygy, infrastruktura we tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklere eýedigine ünsi çekdi. Ol liwiýaly hyzmatdaşlary 2025-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän sergilere we forumlara gatnaşmaga çagyrdy.
Mundan başga-da, Liwiýanyň bazarlarynda türkmen harytlarynyň satuwa çykarylýandygy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi aýratyn bellenildi.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň dekabrynda ýola goýuldy.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soň myhmanlar «Ýyldyz» myhmanhanasynyň eýwanynda guralan sergä tomaşa etdiler hem-de Liwiýanyň milli tagamlaryny dadyp gördüler.