Smartfonlaryň özünde ornaşdyrylan SIM-kartlar (eSIM) plastiki kartlardan howa kömürturşy gazyny 46 göterim az taşlaýarlar. Bu eSIM-leri diňe bir ulanyjylar üçin däl, ekologiýa babatda-da peýdaly edýär. Bu barada Russiýanyň «Unisimka» tehnologik kompaniýasynyň ýolbaşçysy Anna Kaşniskaýa gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«ABI Research» seljeriji kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda dünýäde SIM-kartlaryň 4,09 milliarda golaýy öndürildi, olaryň 3,5 mlrd.-y plastik we diňe 457 milliony gurnalan eSIM-kartlardyr. Bazary seljerijler aýrylýan plastik kartlara islegiň şu onýyllygyň aýagynda güýçli azaljakdygyny çaklaýarlar.
Plastik SIM-kartlar göwrümi we agramy babatda ujypsyzdygyna garamazdan, olaryň önümçiligi daşky gurşawa uly zyýan ýetirýär. Sebäbi her ýylky 4,5 mlrd adaty SIM-kartlaryň önümçiligi 20 müň tonna golaý plastik talap edýär.
Galyberse-de, eSIM-lere geçilmegi plastigiň önümçiligini azaldýar we gaplamak hem-de daşamak zerurlygyny aradan aýyrýar. Şeýlelikde, olaryň ulanylmagy smartfonlar we beýleki enjamlar üçin has ekologik çözgüt bolup durýar diýip, russiýaly hünärmen nygtady.