Fransiýanyň paýtagtynda bäş ýyl mundan öň ýangynda güýçli harap bolan Pariž Keramatly Bibimerýem sobory täzeden açyldy. Dabarany ýurduň BFMTV teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Baş ybadathananyň açylyş dabarasyna Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrondan başga-da dünýä Liderleridir görnükli jemgyýetçilik işgärleri hem-de işewürler gatnaşdylar.
Pariž Bibimerýeminiň soborynda 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde güýçli ýangyn boldy. Ýangyny ertesi söndürmek başartdy. Ýangynda ybadathananyň gümmezi we üçegi ýumruldy, içki bölegine hem zeper ýetdi.
Baş ybadathanany dikeltmek işi bäş ýyl dowam etdi.