Türkmenistanyň azyk senagaty döwlet birleşigi «Ahal» ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň tehniki auditini we tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny (TYE) geçirmek üçin halkara tender-bäsleşigini yglan etdi. Tender-bäsleşigiň maksady kärhanany doly taslama güýjüne çykarmakdyr.
Gyzyklanma bildiren gatnaşyjylar tender hakyndaky bildiriş resmi çap edilenden soň 30 iş gününiň dowamynda öz tender teklipnamalaryny tabşyryp bilerler. Tender hakyndaky bildiriş «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň 02.12.2024-nji ýyl senesindäki sanynda çap edildi.
Resminamalary kabul etmek günde ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli amala aşyrylýar.
Giňişleýin maglumatlary we tehniki tabşyrygy almak üçin tender-bäsleşigine gatnaşmak isleýänler Türkmenistanyň azyk senagaty döwlet birleşigine gönüden-göni ýüz tutup bilerler.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
• +993 12 44-75-48
• +993 12 44-75-49
• +993 12 44-75-45
Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, jaý 92.