Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy

09:4702.12.2024
0
4144

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri az kükürtli ýangyç mazudyny, yşyklandyryş kerosinini, suwuklandyrylan gazy («Türkmennebit» döwlet konserni), karbamidi («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) satyn aldylar.

Mundan başga-da, BAE-niň, Owganystanyň telekeçilerine el halylary, nah ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 469 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin polipropileni we binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny, portlandsementi, gaplama plýonkasyny, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 222 müň 870 dollaryna deň we 15 million 362 müň manatdan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň