Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda 2023-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişini tassykladylar. Bu barada TDH habar berýär.
"Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda" Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 119 007 580,6 müň manat we çykdajylar boýunça 116 223 771,4 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigi tassyklanyldy.