Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial ulgamlardan peýdalanmagy doly gadagan etmek barada kanun kabul edildi. Bu tutuş dünýäde tehnologik läheňlere garşy ulanylan iň berk çäreleriň biri boldy diýip, «Daryo.uz» ýazýar.
Kanunda esasy sosial ulgamlar 16 ýaşdan kiçiler üçin doly gadagan edilýär. Düzgün bozmalar üçin 49,5 awstraliýa dollary möçberinde jerime bellendi. Gözegçilik guraly 2025-nji ýylyň ýanwaryndan hereket edip başlar we doly gadaganlyk bir ýyldan güýje girer diýlip, habarda bellenýär.