Germaniýa ýarymgeçirijiler pudagyny ösdürmek maksady bilen, 2 milliard ýewro töweregi maliýe serişdesini bölüp berer diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Daryo.uz» habar berýär. Maýa goýum kiçiçipleriň we olaryň düzüm bölekleriniň önümçiligi bilen bagly 10-15 sany taslamany durmuşa geçirmek üçin ulanylar. Bu ýurduň strategiki taýdan wajyp bolan pudakda eýeleýän ornuny berkitmäge mümkinçilik berer.
Bu çäreler has giň maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar, 2022-nji ýylda Germaniýa ýarymgeçirijiler önümçiligi üçin 20 mlrd ýewro bölüp bermekçidigini yglan edipdi. Iri başlangyçlaryň hatarynda Amerikanyň «Intel» we Taýwanyň «TSMC» kompaniýalary bilen häzirkizaman çipleri öndürýän zawodlary gurmak barada taslamalar hem bar.
Emma käbir taslamalar, mysal üçin, «Intel» bilen bilelikde kärhana gurmak bu kompaniýanyň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary bilen baglylykda, wagtlaýyn togtadyldy.