ABŞ-nyň Prezidentligine öňki dalaşgär Kamala Harrisiň tarapdarlary «Ilkidurmuş gygyrma» diýen at bilen çäre guradylar diýip, «360» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar. Ol Tennesi ştatynyň Klaud-park diýen ýerindäki kölüň ýakasynda geçdi. Çäräniň geçişiniň wideosyny oňa gatnaşyjylaryň biri sosial sahypasynda ýerleşdirdi. Wideoda esasan hem zenanlardan ybarat bolan köpçüligiň kölüň ýakasynda durup suwa gygyryşlary, soňam birek-biregi gujaklaýyşlary görkezilýär.
Olar şeýle etmek bilen, Harrisiň saýlawlarda ýeňlişe duçar bolmagyna gynanjyny beýan etdiler hem-de stresi aýyrdylar.