2025-nji ýylyň başynda Birleşen Ştatlarda «Makdonalds» iýmit hyzmatlary zynjyrynda «McValue» atly täze menýu peýda bolar. Kompaniýa nyrhlaryň gymmatlamagy bilen baglylykda, onuň kömegi bilen öz garbanyşhanalaryna gelmegi seýrekleşdiren müşderilerini dolap getirmek isleýär diýip, «rg.ru» ýazýar.
Täze menýuda bäş dollara toplumlaýyn günortanlyk göz öňünde tutulandyr. Bu günortanlyk öň amerikan naharhanalarynyň müşderilerine ýarapdy. Ol özüne burgeri, içgini, ýeralmany we sously naggetsleri birleşdirýär. Täze tutumyň esasy «Birini satyn al we ýene 1 dollara täzesini üstüne goş» diýen arzanlaşyk bolar.
Soňky döwürde «Makdonaldsyň» ABŞ-daky işewürligi o diýen oňuna däl. Kompaniýanyň ýolbaşçylary eýýäm birnäçe çärýek bäri girdejileriň pese gaçmagyny hasaba alýarlar. Ýurtdaky azyk hümmetsizlenmesi, netijede, burgerleriň we ýeralmanyň nyrhlarynyň gymmatlamagyna getirdi. Soňky bäş ýylda naharlaryň bahasy ortaça 40 göterim gymmatlady. Bu bolsa, ýönekeý amerikalylar üçin «Makdonaldsda» garbanmagy kynlaşdyrdy.