Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda iň gowy awtoulag sürüjileri yglan edildi

11:5321.11.2024
0
10869

Aşgabatda ýokary derejeli awtoulag serişdeleriniň sürüjileriniň arasynda ýyllyk döwlet hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, onuň dowamynda ýurduň ulag pudagynyň iň ýokary derejeli hünärmenleri kesgitlenildi. Dabaraly çäre Bütindünýä durnukly ulag gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirildi we Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

«Döwrüm bagtyýar, ýolum ygtybar» bäsleşigi iki ugur boýunça – ýolagçy we ýük awtoulaglarynyň sürüjileriň arasynda geçirildi. Gatnaşyjylar öz hünär başarnyklaryny, ýol hereketiniň düzgünlerini we ulag serişdeleriniň tehniki häsiýetnamalary baradaky bilimlerini görkezdiler.

Ýurduň iň gowy awtoulag işgäri diýlip Arkadag şäheriniň awtomenzil we awtoulag toplumy müdirliginden Guwanç Owganow yglan edildi. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň 12-nji awtoulag toplumynyň sürüjisi Gurbanbaý Jumabaýew we «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigindäki onuň işdeşi Mahmytmyrat Täzemyradow degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Ýük ulaglary ugry boýunça Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň awtoulag mekdepleri birleşmesiniň şahamçasyndan Azym Gurbanow ýeňiji boldy. Ikinji orny Dašoguz welaýatynyň awtomobil ýollaryny ulanmak müdirliginden Söhbet Ullaýew, üçünji orny bolsa Aşgabat şäheriniň gurluşyk, abatlaýyş we önümçilik kärhanasynyň sürüjisi Baýramgeldi Baýramgeldiýew eýelediler.

Ýeňijilere we bäsleşigiň baýrakly orunlara mynasyp bolanlara gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň guramaçylarynyň belleýişleri ýaly, şunuň ýaly hünär bäsleşikleri diňe sürüjileriň hünär derejesini ýokarlandyrmaklyga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanyň ulag pudagynyň ýokary derejeli hünärmenleriniň bilim derejelerini hem görkezýär.

Çäre Türkmenistanyň Milli kärdeşler arkalaşygynyň merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň goldaw bermeginde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň