Özbegistanyň Parlamentiniň kanunçykaryjy (aşaky) palatasynyň deputatlary gizlin ses berlişikde Abdulla Aripowyň ýurduň Hökümet başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagyny goldap, ses berdiler. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat kätibi Şerzod Asadow özüniň Telegram-ýaýlymynda habar berdi diýip, «ria.nowosti» ýazýar.
Aripow Özbegistanyň Hökümet başlygy wezipesini 2016-njy ýylyň dekabryndan bäri eýeleýär. Düýn ýurduň Döwlet baştutany Şawkat Mirziýoýew Parlamentiň kanunçykaryjy palatasyna Aripowy bu wezipä gaýtadan saýlamak barada teklip girizdi.