Gün energetikasy pudagyna maýa goýumlaryň umumy möçberi 2024-nji ýylyň aýagynda 500 mlrd dollara ýetip biler, şunda onuň ulanylyşynyň dünýä san görkezijisi 2 terawatta deň bolar. Bu barada Hindistanyň täze we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça ministri hem-de «International Solar Alliance» (ISA) guramasynyň ýolbaşçysy Pralhad Joşi aýtdy.
Ministr Gün energiýasyna maýa goýumlaryň 2018-nji ýylda 144 mlrd, 2023-nji ýylda 393 mlrd dollar bolandygyny hem-de görkezijiniň şu ýylyň aýagyna çenli 500 mlrd dollara ýetip biljekdigini «International Solar Alliance» (ISA) guramasynyň Nýu-Delide geçýän 7-nji Baş assambleýasynda eden çykyşynda nygtady.
Bu barada «rg.ru» ýazýar.