Turkmenportal logo
06.11.24
1749517495
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldySurat: tripadvisor.ru

Belarusyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda boljak saýlawlary boýunça birinji saýlaw tapgyrynyň jemleri barada ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Igor Karpenko beýanat berdi. Ol saýlawlarda ýedi adamyň dalaşgärlik etjekdigini aýtdy. Bu barada «Belta.by» portaly ýazýar.


Netijede, MST dalaşgärlige ýurduň döwlet Baştutany Aleksandr Lukaşenkony, Liberal-demokratlar partiýasynyň başlygy Oleg Gaýdukewiçi, Respublikanyň Zähmet we adalat partiýasynyň başlygy Aleksandr Hižnýagy we paýtagt häkimliginiň edara başlygy Olga Çemodanowany bellige aldy. Şeýle-de saýlawlarda Belarusyň Serkerdeler bileleşiginiň Respublikan geňeşiniň başlygy Sergeý Bobrikow hem-de Belarusyň Kommunistik partiýasynyň lideri Sergeý


Syrankow, 2020-nji ýylda geçen Prezident saýlawlaryna gatnaşan telekeçi Anna Kanopaskaýa bellige alyndy diýlip, habarda bellenýär.