Türkmenistanyň iri ulag kompaniýasy «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ takside we mikroawtobuslarda işlemek üçin sürüjileri işe kabul edýändigini yglan edýär. Kompaniýa Toyota Corolla, Toyota Coaster we Toyota Hiace ulaglarynda sürüji bolup işlemekligi hödürleýär.
Taksi sürüjisi wezipesine dalaşgärlerden «B» we «C» derejeli sürüjilik şahadatnamasy, şeýle hem ýeňil ulagy sürmekde iş tejribesiniň bolmagy talap edilýär. Mikroawtobuslarda işlemek isleýänler üçin «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasy we degişli sürüjilik iş tejribesiniň bolmagy zerurdyr.
Işgärleri kabul etmekden başga-da, kompaniýa awtobuslardan, mikroawtobuslardan we ýeňil taksilerden ybarat bolan döwrebap awtoulag toplumynyň ulaglaryny sagatlaýyn kärendesine bermek hyzmatlaryny hem hödürleýär. Bu hyzmat ýuridiki şahslara, kärhanalara we hususy müşderilere elýeterlidir.
Bu ulaglarda işlemeklige gyzyklanma bildirýän dalaşgärler şu salgy boýunça ýüz tutup bilerler: Aşgabat şäheri, «Çoganly» ýaşaýyş toplumy, Atamyrat Nyýazow şaýoly 422, Halkara awtomenzili.
Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip, habarlaşyp bolar: 44-35-38, 44-35-20 ýa-da +99361493495